«CNPC» kompaniýasyna Türkmenistanyň gündogaryndan kärendesine ýer berildi

  • 02.10.2021 09:29
  • 9.8k+

1-nji oktýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çäkde Önümi paýlaşmak hakynda ylalaşyga laýyklykda işleýän Hytaýyň «International Ltd.» Milli nebitgaz korporasiýasyna (CNPC) ýer bölegini kärendä bermek hakynda degişli Buýruga gol çekdi.

Resminama laýyklykda, “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna hem-de “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çägi boýunça Önümi paýlaşmak hakyndaky şertnama laýyklykda işleýän Hytaýyň “International Ltd.” Milli nebitgaz korporasiýasyna Lebap welaýatyndaky “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn sebitiniň “B” böleginiň günbatar tarapynda ýerleşýän gaz känleriniň ýerüsti desgalarynda suw üpjünçiligini gurnamak üçin umumy meýdany 26,55 gektar, şol sanda Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň çäklerinde Amyderýa ýanaşyk suw toplanýan desgany gurmak üçin meýdany 18 gektar bolan ýer bölegini Önümi paýlaşmak hakyndaky şertnamanyň hereket edýän döwründe, suw geçiriji we oňa ýanaşyk ýollary gurmak üçin meýdany 8,55 gektar ýer bölegini gurluşyk-gurnama işleriniň tamamlanýan döwrüne kärendä bermek bellenildi.

Türkmen Lideri mejlisiň dowamynda Buýrugy tassyklap, degişli wise-premýere resminamanyň ýerine ýetirilmegine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.


27.12.2025 13:07
10k+

2026-njy ýylyň başynda «Galkynyş» känini özleşdirmegiň dördünji tapgyry başlanar

2026-njy ýylyň başynda Hytaýyň CNPC nebitgaz korporasiýasy Türkmenistandaky ägirt uly «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyryny amala aşyrmaga girişer. Bu barada "Nebit-Gaz" elektron neşiri habar berýär...

24.12.2025 14:12
20k+

Tebigy gazy öndürmek boýunça dünýäniň iň iri 10 ýurdunyň reýtingi düzüldi

Tebigy gaz iň möhüm energiýa serişdeleriniň biri bolmagynda galýar, gaz çykarylyşy baradaky iň täze maglumatlar bolsa global bazaryň nähili jemlenendigini görkezýär. ABŞ-nyň Energetika institutynyň "Statistical...

12.12.2025 16:33
5k+

Uzynada käninde birbada üç sany guýy ulanyşa girizildi

"Türkmennebit" döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň zähmet toparlary Hazar deňziniň kenarýaka zolagynda ýerleşýän Uzynada käninde birbada üç sany guýynyň gazuw işlerini üstünlikli tamamlap, ulanyşa tabşyrdylar...

29.11.2025 09:51
4.1k+

Türkmenistanda “Uzynada” känindäki täze guýudan gazkondensat akymy alyndy

Türkmenistanda “Uzynada” käninde täze burawlanan ulanyş guýularynda geçirilen işleriň netijesinde gazkondensat akymy alyndy. Bu barada anna güni Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow habar berdi.  Bellenilişi ýaly, ol guýy umumy nebit geçiriji ulgama birikdirilip, uglewodorod çig malynyň goşmaça möçberi kabul edilip başlandy...