BSGG 2030-njy ýyla çenli meningit bilen kesellemegi iki esse azaltmagy meýilleşdirýär

  • 30.09.2021 15:21
  • 9.5k+

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) 2030-njy ýyla çenli dünýäde meningit bilen kesellemegi iki esse azaltmak isleýär, bu her ýyl 200 müňden gowrak adam ömrüni halas edip biler. Şu maksat bilen sişenbe güni BSGG we onuň hyzmatdaşlary tarapyndan howply kesele garşy göreşmegiň strategiýasy kabul edildi diýip, guramanyň Ženewadaky ştab-kwartirasy habar berýär. Muny TASS ýetirýär.

“Maksat 2030-njy ýyla çenli keseliň has ölüm howply görnüşi bolan bakterial meningit epidemiýasyny ýok etmekden, şeýle-de ölüm derejesini 70% we kesel ýagdaýlarynyň sanyny iki esse azaltmakdan ybarat” – diýip, BSGG belleýär. Hünärmenleriň çaklamasy boýunça, bu strategiýa her ýyl 200 müňden gowrak ömri halas etmäge we bu kesel sebäpli döreýän maýyplygy ep-esli azaltmaga mümkinçilik berer. Kesele garşy göreşmegiň täze ýol kartasynyň çäginde esasy üns keseliň ýaýramagynyň öňüni almaga gönükdiriler. 

BSGG meningitiň her ýyl 250 müňden gowrak adamyň ýogalmagyna sebäp bolýandygyny belledi. Kesellänlerden ortaça her onunjy adam, esasanam, çagalar ýogalýar. Her bäşinji adam maýyp bolýar. Soňky 10 ýylda meningit epidemiýasy planetanyň ähli sebitinde hasaba alyndy. Ýöne bu kesel Saharanyň günortasynda ýerleşen Afrikanyň 26 döwletinde has giňden ýaýran diýip, BSGG belleýär.

Täze strategiýada meningite garşy göreşmegiň immunizasiýanyň ýokary derejesini gazanmak, ilat üçin elýeterli täze sanjymlary taýýarlamak, keseli çalt anyklaýyş, amatly bejeriş usullary, näsaglara kömek etmek, kesel barada bilimleri ýaýratmak ýaly ugurlaryna üns berilýär.

Meningiti oýaryjylar dürli mikroorganizmler, şol sanda bakteriýalar, kömelekler we wiruslardyr.


düýn 14:46
3.3k+

BSGG Afrikadaky Ebola keseli sebäpli halkara derejeli adatdan daşary ýagdaýy yglan etdi

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda we Ugandada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyny jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynda halkara ähmiýetli adatdan daşary ýagdaý diýip......

16.05.2026 18:05
5.7k+

Allergolog: çybynyň çakmagyna eşigiň reňki-de sebäp bolup bilýär

Çybynlar özüne pida saýlanlarynda birnäçe biologik aýratynlyklara seredýärler. Bu mör-möjekleri adamlaryň gan topary, beden gyzgynlygy, çykarýan kömürturşy gazy we hatda geýen geýminiň reňki hem özüne çekip......

14.05.2026 16:32
1.8k+

Alymlar düwnüge garşy göreşde immun reaksiýasyny ýokarlandyrmagyň usulyny tapdylar

Hytaýly, ýewropaly we kanadaly halkara alymlar topary ýönekeý organiki birleşmäniň — sitrakon kislotasynyň — immun öýjükleriniň işjeňligini dikeldip we olaryň rak keseline garşy göreşijilik ukybyny......

13.05.2026 23:49
1.3k+

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....