Ispaniýanyň häkimiýetleri Palma adasyny tebigy betbagtçylyk zolagy diýip yglan etdiler

  • 30.09.2021 15:21
  • 11k+

Ispaniýada La-Palma adasyndaky wulkan gysga möhletleýin ümsümlikden soň gaýtadan atylmaga başlady diýip, Kanar adalarynyň Wulkanologiýa institutynyň Twitterdäki sahypasynda habar berilýär diýip, gazeta.ru belleýär.

“589 bina ýumruldy, 258 gektar lawa akymlary bilen örtüldi, 21 km ýol zaýalandy” – diýlip, habarda aýdylýar.

Wulkan gysga wagtlyk ümsümlikden soň täze güýç bilen lawa atyp başlady. Adada öýleri howp astynda galan, takmynan, 6 müň ýaşaýjy ewakuasiýa edildi. 

Ispaniýanyň häkimiýetleri La-Palma adasyny wulkanyň atylmagy sebäpli tebigy betbagtçylyk zolagy diýip yglan etdiler. Bu hökümete betbagtçylyk sebäpli öýsüz galan raýatlaryň jaý almagy we ilkinji nobatda zerur bolan zatlary satyn almagy üçin 10,5 mln ýewro bölüp bermäge mümkinçilik berer. 

Ispaniýanyň 85 müň raýatynyň ýaşaýan we Kabesa-de-Waka hem-de El-Paso ilat sebitleriniň ýerleşýän Atlantik ummanyndaky La-Palma adasynda Kumbre-Wýeha gerşinde wulkanyň atylandygy 20-nji sentýabrda irden belli boldy. Ondan öň seýsmologlar 25 müňden gowrak ýerasty sarsgynlaryny we 4,2 bal ululykda ýertitremesini hasaba aldylar. Bu wulkan eýýäm ýüz ýyldan gowrak wagt bäri şeýle işjeňligi görkezmändi. Mundan öň wulkan 1971-nji ýylda atyldy.

 


15.06.2026 18:47
5.8k+

Ispaniýadaky tokaý ýangyny 330 gektar meýdana ýaýrady we raýatlaryň göçürilmegine getirdi

Ispaniýanyň La-Korunýa welaýatynyň Padron häkimligine degişli Erbon obasynda dörän tokaý ýangynyny häzirki wagta çenli söndürip bolmady. Iň soňky çaklamalara görä, ot 330 gektara golaý meýdany weýran etdi,......

19.06.2025 09:56
8.9k+

Ispaniýada we Portugaliýada aprelde bolup geçen köpçülikleýin tok öçmäniň sebäbi belli boldy

Ispaniýanyň Ekologiýa we demografiýa ministrligi 28-nji aprelde tutuş Ispaniýany we goňşy Portugaliýany elektrik energiýasyz galdyran sebit derejesindäki blekauty (köpçülikleýin tok öçmek) derňemegiň netijelerini hödürledi...

29.04.2025 11:41
13k+

Ýewropada sebit derejesinde tok öçdi. Sebäp - indusirlenen atmosfera üýtgemeleri

Ýewropanyň birnäçe ýurdunda 28-nji aprelde sebit derejesinde tok öçdi. Bu ýagdaýdan, aýratynam, Portugaliýa we Ispaniýa zyýan çekdi. Publico-nyň maglumatlaryna görä, Portugaliýada, esasan, Lissabonda we Portuwda metro saklandy, ýolagçylar wagonlarda galdy...

06.11.2024 12:40
16k+

Walensiýadan soň suw joşguny Barselona ýetdi

Geçen hepde Walensiýada bolan uly suw joşmasyndan soň ispan häkimiýetleri howpsuzlyk çärelerini güýçlendirip, Barselonada we Kataloniýanyň beýleki sebitlerinde gyzyl duýduryşy yglan etdiler. Güýçli ýagyş ep-esli...