Walensiýadan soň suw joşguny Barselona ýetdi

  • 06.11.2024 12:40
  • 16k+

Geçen hepde Walensiýada bolan uly suw joşmasyndan soň ispan häkimiýetleri howpsuzlyk çärelerini güýçlendirip, Barselonada we Kataloniýanyň beýleki sebitlerinde gyzyl duýduryşy yglan etdiler.

Güýçli ýagyş ep-esli weýrançylyga getirdi. Ýurtda ýolagçy akymy boýunça ikinji orunda durýan “El-Prat” halkara howa menzilini hem bölekleýin suw basdy. Bu 80-den gowrak gatnawyň ýatyrylmagyna sebäp boldy, şeýle-de demirýol gatnawlary togtadyldy.
Gözleg-halas ediş işlerine 20 müň töweregi harby we polisiýa işgärleri çekildi. Halasgärler ähli tagallalaryny adamlaryň bolup biljek ýerasty awtoduralgalarynda we tunnellerde gözleg işlerine gönükdirdiler. Duşenbe güni Aldaýa şäherindäki ýerasty awtoduralgalarda işjeň gözlegler alnyp baryldy. Awtoduralganyň içindäki ýerleri öwrenmek üçin dronlar ulanylýar.
Bi-bi-si ispan sebitleriniň giň özbaşdaklyga eýedigini, şonuň üçin adatdan daşary ýagdaýlarda goşuny ýa-da halas edijileri çekmek üçin ýerli häkimiýetleriň merkezi hökümete degişli arza bilen ýüz tutmaly bolýandygyny belleýär. Şu sebäpli suw joşgunyndan soňky ilkinji sagatlarda suw, azyk önümlerini we derman serişdelerini eltip bermek boýunça işleri, şeýle-de polisiýanyň, ýangyn söndürijileriň we harby gullukçylaryň deregine arassalaýyş we halas ediş işlerini müňlerçe meýletinçi öz üstüne aldy.


şu gün 12:37
4.3k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

düýn 18:53
10k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

düýn 09:31
6k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......

20.06.2026 14:57
7.4k+

Kamçatkanyň kenarýakalarynda bir gije-gündizde 30-dan gowrak ýertitreme boldy

Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynyň çäklerinde 19-njy we 20-nji iýunda magnituda güýji 6,9-a çenli ýeten yzygiderli ýer titremeleri hasaba alyndy....