Ispaniýada we Portugaliýada aprelde bolup geçen köpçülikleýin tok öçmäniň sebäbi belli boldy

  • 19.06.2025 09:56
  • 8.2k+

Ispaniýanyň Ekologiýa we demografiýa ministrligi 28-nji aprelde tutuş Ispaniýany we goňşy Portugaliýany elektrik energiýasyz galdyran sebit derejesindäki blekauty (köpçülikleýin tok öçmek) derňemegiň netijelerini hödürledi.

Hasabata görä, energiýa üpjünçiligi ulgamyndaky bökdençligiň birnäçe sebäbi bardy. Kiberhüjüm mümkinçiligi aradan aýryldy.
Ministr Sara Aagesen toguň öçmeginiň sebäpleriniň tehniki we guramaçylykly ýalňyşlyklaryň bolandygyny aýtdy. Wakadan birnäçe gün öň elektrik ulgamynda uly bolmadyk naprýaženiýa böküşi bolup geçdi. 28-nji aprelde irden ol güýçlendi. Aýratynam, bäş sekuntyň içindäki güýçli üýtgemeler ulgamyň deňagramlylygyny bozdy. Red Electrica operatory tarapyndan görlen çäreler netijesiz boldy. Şeýlelikde, ulgama agram düşüp, awtomatik ýagdaýda toguň gelmegi kesildi.

“Bularyň ählisi 12 sekuntda bolup geçdi we naprýaženiýa üýtgemesiniň uly bölegi ilkinji  5 sekuntda boldy” – diýip, ministr belledi.

Bu wakanyň netijesinde Ispaniýa 15 GWt elektrik energiýasyny ýitirdi – bu umumy möçberiň, takmynan, 60%-ine deňdir. Portugaliýa hem çyrasyz galdy. Çünki, onuň elektrik ulgamy hem Ispaniýanyňky bilen baglanyşyklydy. Elektrik üpjünçiligini 29-njy aprelde irdene çenli dikeltmek başartdy.
Ispan KHBS-niň maglumatlaryna görä, elektrik energiýasynyň öçmegi netijesinde azyndan bäş adam heläk boldy.
Derňewleriň netijesinde geljekde şeýle ýagdaýlaryň öňüni almak üçin birnäçe çäreler teklip edildi.


29.04.2025 11:41
13k+

Ýewropada sebit derejesinde tok öçdi. Sebäp - indusirlenen atmosfera üýtgemeleri

Ýewropanyň birnäçe ýurdunda 28-nji aprelde sebit derejesinde tok öçdi. Bu ýagdaýdan, aýratynam, Portugaliýa we Ispaniýa zyýan çekdi. Publico-nyň maglumatlaryna görä, Portugaliýada, esasan, Lissabonda we Portuwda metro saklandy, ýolagçylar wagonlarda galdy...

06.11.2024 12:40
16k+

Walensiýadan soň suw joşguny Barselona ýetdi

Geçen hepde Walensiýada bolan uly suw joşmasyndan soň ispan häkimiýetleri howpsuzlyk çärelerini güýçlendirip, Barselonada we Kataloniýanyň beýleki sebitlerinde gyzyl duýduryşy yglan etdiler. Güýçli ýagyş ep-esli...

03.11.2024 08:02
17k+

Madridiň “Realy” Ispaniýada suw joşmasyndan ejir çekenlere 1 mln ýewro bagyş etdi

Madridiň “Realy” Ispaniýanyň günorta-gündogaryndaky Walensiýa welaýatynda suw joşmasyndan ejir çekenlere 1 mln ýewro bagyş etdi. Bu barada klub öz resmi saýtynda habar berdi diýip, “Çempionat” portaly belleýär...

23.08.2024 15:04
15k+

Ispaniýada planetanyň iň garry aýaly 117 ýaşynda aradan çykdy

Ýer togalagynyň iň garry ýaşaýjysy diýlip ykrar edilen Mariýa Branýas Morera Ispaniýada 117 ýaşynda aradan çykdy. Moreranyň maşgalasy onuň ýogalandygyny X sosial ulgamynda habar berdi diýip, Daily Mail neşiri ýazýar...