Portugaliýada tupanlaryň ýetiren zyýany 5,5 milliard ýewrodan geçdi

  • 18.02.2026 23:24
  • 7.5k+

Portugaliýanyň hökümetiniň we senagat guramalarynyň berýän deslapky maglumatlaryna görä, ýanwar-fewral aýlarynda ýurda inen tupanlaryň ýetiren umumy maddy zyýany 5,5 milliard ýewrodan aşdy. Iň uly ýitgiler döwlet we şahsy emläklere degişli bolup, olaryň möçberi 4,5 milliard ýewrodan gowrak diýlip kesgitlenilýär. Ýurduň işewürlik pudagynyň hem bu harasatlardan çeken zyýany ep-esli boldy.

Ykdysadyýet ministri Manuel Kastro Almeýdan kompaniýalaryň öz ýitgilerini takmynan 1 milliard ýewro golaý diýip hasaplaýandyklaryny aýdýar. Eýýäm 4 müňden gowrak kärhana we emlägine zyýan ýeten 11 müňe golaý şahsy tarap döwletden kompensasiýa sorap arza tabşyrdy.
Ýurda iň uly weýrançylygy getiren Kristin, Leonardo we Marta atly tupanlar boldy. Bu tebigy hadysalar azyndan 16 sany adam pidasyna, 700-den gowrak adamyň dürli derejeli şikes almagyna sebäp boldy.
Şeýle-de güýçli ýel we suw joşgunlary köp sebitlerde elektrik energiýasynyň kesilmegine, aragatnaşyk ulgamlarynyň sandan çykmagyna getirdi. Howply zolaklardan 1200-den gowrak adam ewakuasiýa edildi.
Geçen ýekşenbe güni hökümet ýurda girizilen adatdan daşary ýagdaý düzgünini ýatyrdy. Emma duşenbe gününden başlap, ýerli häkimiýetler bu kararyň wagtyndan öň berlendigini aýdyp, nägilelik bildirdiler. Olaryň pikiriçe, dikeldiş işleri entek tamamlanmady, töwekgelçilikli ýagdaýlar şindi hem aradan aýrylmady.


25.06.2026 12:37
6.9k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.5k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......

20.06.2026 14:57
7.5k+

Kamçatkanyň kenarýakalarynda bir gije-gündizde 30-dan gowrak ýertitreme boldy

Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynyň çäklerinde 19-njy we 20-nji iýunda magnituda güýji 6,9-a çenli ýeten yzygiderli ýer titremeleri hasaba alyndy....