2025-nji ýyla çenli Seulda aerotaksiler peýda bolar

  • 30.09.2021 14:51
  • 7.9k+

Koreýa Respublikasynyň paýtagtynda aerotaksileriň söwda taýdan ulanylyşy dört ýyldan başlanar. Bu barada KBS teleýaýlymyna salgylanyp TASS habar berýär. Muny www.belta.by ýetirýär.

Howa taksilerini ýaýratmagyň başlangyç tapgyry 2025-nji ýyldan 2029-njy ýyl aralygynda durmuşa geçiriler. Soňra 2030-njy ýyldan 2034-nji ýyl aralygynda ösüş tapgyry göz öňünde tutulýar, şondan soň 2035-nji ýyldan kämillik döwri diýlip atlandyrylýan tapgyr başlar. Birinji tapgyryň dowamynda sürüjiniň takside hut özüniň bolmagy talap ediler. Ösüş döwründe sürüji aerotaksini uzak aralykdan dolandyryp biler, üçünji tapgyrda ulag doly derejede awtonom bolar.

Duralgalar we gonuş merkezleri hökmünde dik gonuş punktlary peýdalanylar. Ilkibaşda aerotaksileri Seulyň merkezini Kimpho bilen Inçhondaky howa menzilleri bilen birleşdirjek iki ugur boýunça işe girizmek meýilleşdirilýär.

KBS teleýaýlymynyň bellemegine görä, howa taksileri 300 metrden 600 metre çenli belentlikde ýörite bellenilen geçelgeler boýunça uçarlar. Bu 150 metre çenli ýokary galyp bilýän uly bolmadyk dronlar bilen çaknyşmagy aradan aýyrmaly we Koreýada iň beýik diň bolan Lotte World Tower-iň (555 m) üstünden hem uçmaga mümkinçilik bermeli. 

Elektromotorlar we perleriň aýratyn gurluşy aerotaksileriň uçuşyny galmagalsyz eder diýlip çaklanylýar.


10.05.2026 20:12
5.4k+

Günorta Koreýada robot ilkinji gezek budda keşişi hökmünde kabul edildi

Golaýda Seulyň Çoge Ordeniniň ybadathanasynda täsin dabara boldy. Günorta Koreýanyň 1200 ýyllyk taryhy bolan iň iri dini jemgyýetiniň hataryna ilkinji gezek adampisint robot resmi taýdan keşiş hökmünde kabul......

16.01.2026 15:07
2.4k+

Koreýaly alymlar aýna ýaly agaçdan penjire ýasadylar. Ol ultramelewşe şöhleleri saklaýar we ýagtylygy kadalaşdyrýar

Günorta Koreýanyň Hanbat Milli uniwersitetiniň we Konju Milli uniwersitetiniň ylmy işgärleri elektrik toguna birikdirilmezden ýagtylyk derejesini özbaşdak kadalaşdyrmaga we  ultramelewşe şöhlelerinden goramaga ukyply akylly penjire döretdiler...

10.11.2025 13:10
5.8k+

Günorta koreýaly alymlar robotlar üçin çeýe we örän güýçli emeli myşsa döretdiler

Ulsandaky Milli Ylym we Tehnologiýa Institutynyň  (UNIST) alymlary robotlar üçin täze görnüşli emeli myşsa taýýarladylar. Bu material ynsan we haýwan myşsalaryndaky ýaly çeýeligi we berkligi özünde jemleýär. Hasaplamalara görä, eger adam şeýle myşsalara eýe bolsady, ol bir eli bilen pil saklap biljekdi...

03.06.2025 20:52
4.5k+

Raibo atly koreýaly robot it diwaryň ýüzünden ylgamagy we parkury özleşdirdi

Günorta Koreýanyň Robototehnika we emeli aň barlaghanasynda işlenip taýýarlanan dört aýakly robot Raibo parkury özleşdirdi. Ol dik diwaryň ýüzünden ylgap, 1,5 metre çenli beýiklikdäki päsgelçiliklerden böküp we daşlyk ýerlerde hereket edip bilýär diýip, Science Robotics žurnalynda aýdylýar...