UEFA bilen CONMEBOL Ýewropa we Amerikanyň Kubogynyň ýeňijileriniň arasynda oýun gurar

  • 30.09.2021 14:59
  • 6k+

Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşigi (UEFA) bilen Günorta Amerikanyň futbol konfederasiýasy (CONMEBOL) 2022-nji ýylyň iýun aýynda Ýewropa çempionatynyň häzirki ýeňijisi italiýalylar bilen Amerikanyň Kubogynyň eýesi argentinalylaryň arasynda oýun geçirmek barada ylalaşdy. Bu barada UEFA-nyň metbugat gullugy habar berýär diýip, TASS belleýär.

Duşuşygyň geçiriljek ýeri soň belli bolar. Habar berlişi ýaly, oýnuň guralmagy UEFA bilen CONMEBOL-yň arasyndaky hyzmatdaşlygyň bir bölegi bolup durýar.

Iki gurama tarapyndan baglaşylan şertnama Ýewropa çempionatynyň we Amerikanyň Kubogynyň indiki iki ýeňijisiniň arasynda hem oýnuň geçirilmegini we Londonda umumy gyzyklanma bildirilýän taslamalaryň utgaşdyrylmagyna jogap berjek bilelikdäki ofisiň açylmagyny göz öňünde tutýar.

2021-nji ýylda Italiýanyň milli ýygyndysy finalda Angliýanyň toparyny utup (1:1, penalti boýunça 3:2), Ýewropa çempiony boldy. Argentinanyň milli ýygyndysy Amerikanyň Kubogynyň finalynda 1:0 hasabynda braziliýalylary utdy.

2024-nji ýylyň Ýewropa çempionaty 14-nji iýundan 14-nji iýul aralygynda Germaniýada geçiriler. 2024-nji ýylda Amerikanyň Kubogy iýun-iýul aýlarynda Ekwadorda geçiriler.


düýn 19:10
3.3k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
6.1k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.4k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8.5k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....