«KAMAZ» Türkmenistanda ýörite enjamlaryň önümçiligini ýola goýar

  • 30.09.2021 13:54
  • 14k+

Russiýa Federasiýasynyň dizel ýük awtoulaglaryny we dizel dwigatellerini öndürýän KAMAZ kompaniýasy 2022-nji ýylda Türkmenistanda ýörite enjamlaryň önümçiligini ýola goýmagy meýilleşdirýär. Bu barada kärhananyň Metbugat gullugynyň maglumatlaryna salgylanyp, turkmenistan.gov.tm saýty habar berýär.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda ýörite enjamlaryň önümçiligini guramagyň taslamasy KAMAZ-yň baş müdiri Sergeý Kogoginiň Tatarystanyň wekiliýetiniň Türkmenistana golaýda bolan saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Kärhananyň berýän maglumatyna görä, Aşgabatdaky hyzmat merkezinde ýerleşjek gurnama binasynyň gurluşygy we ulanylyşa berilmegi 2022-nji ýyla meýilleşdirilýär.

Habarda bellenilişine görä, 2008-nji ýyldan bäri Aşgabatda 5 müň inedördül metrden gowrak meýdany bolan KAMAZ okuw we hyzmat merkezi işleýär. Bu şereket ýurduň sebitlerinde täze awtoulag merkezlerini gurýar. Türkmenbaşyda hyzmat merkeziniň resmi açylyşy 2021-nji ýylyň oktýabr aýynyň ahyryna meýilleşdirilipdir. 2021-nji ýylyň ahyryna çenli şereket Lebapda, 2022-nji ýylda Maryda we Daşoguzda hyzmat merkezlerini açmagy meýilleşdirýär.


şu gün 07:51
1.2k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.7k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
980

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2.1k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......