Honda 2040-njy ýyla çenli doly elektrikli marka öwrüler

  • 28.09.2021 07:52
  • 7.8k+

Beýleki iri awtoulag öndürijileriniň köpüsi ýaly, Honda hem geljekde öz modellerini bütinleý elektrikli görnüşe geçirmegi meýilleşdirýär. Bu barada tarantas.news habar berýär.

Ýapon markasy indi çykjak Prologue modelinden başlap, elektrikli ulaglar boýunça ýyllyk satuw maksatlaryny ep-esli artdyrmak isleýär. Kompaniýa 2024-nji ýyla çenli 70,000 Prologue elektrikli ulagyny satmagy we mundan beýläk 2030-njy ýyla çenli ABŞ-da 500,000 elektrikli ulagy satmagy meýilleşdirýär. 2040-njy ýyla çenli bolsa Honda markasy 100 göterim elektrikli awtoulag satuwyny gazanmagy maksat edinýär diýip, speedme.ru ýazýar.

Honda-nyň bu belent maksatlara “General Motors” bilen hyzmatdaşlykda ýetmek isleýändigi we “Prologue”-ny çykarmak üçin onuň Ultium şassisini (“Cadillac Lyriq” bilen bilelikde) we batareýa ulgamyny ulanmagy meýilleşdirýändigi bellendi. Şol bir wagtyň özünde bu iki kompaniýa bilelikde Acura-nyň elektrikli krossoweriniň üstünde işleýärler.


17.06.2026 10:28
1.4k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

12.06.2026 01:38
7.5k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......

04.06.2026 17:27
3.2k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......