Rolls-Royce ilkinji elektrik uçaryny üstünlikli synagdan geçirdi

  • 24.09.2021 13:56
  • 3.6k+

Angliýanyň Rolls-Royce kompaniýasy özüniň ilkinji doly elektrik uçary bolan Spirit of Innovation-y üstünlikli synagdan geçirdi. Ol Beýik Britaniýanyň Goranmak ministrliginiň aerodromyndan uçup, howada 15 minut töweregi boldy. Bu barada kompaniýanyň resmi saýty habar berýär diýip, ren.tv belleýär.

Uçaryň elektrik hereketlendirijisiniň kuwwaty 400 kilowatta (544 at güýji) barabar. Bu uçara tizligi sagatda 482 km çenli güýçlendirmäge mümkinçilik berýär. Hereketlendiriji 6000 öýjükden ybarat bolan “awiasiýada has köp energiýa sarp ediji akkumulýator batareýinden” iýmitlenýär. 

Minutda 2400 aýlaw ýygylygy bilen üç perli enjam 90 göterime ýetýän iň ýokary energiýa netijeliligi göz öňünde tutulyp döredildi. 

Bu elektrik uçarynyň döredilmegi we synagdan geçirilmegi Britaniýanyň hökümeti tarapyndan ýarym maliýeleşdirilýär. Bu uglerod zyňyndylary nol derejeli bolan awiaulaglaryny ösdürmek boýunça maksatnamanyň bir bölegidir.

Spirit of Innovation uçaryny aerotaksi hökmünde ulanmak göz öňünde tutulýar, muňa garamazdan Rolls-Royce elektrik kuwwatly gurluşy bolan doly göwrümli ýolagçy uçaryny hem işläp taýýarlaýar. Kompaniýa 2050-nji ýyla çenli ekologiýa taýdan hapa önümleriň çykarylmagyny doly derejede bes etmegi meýilleşdirýär.


19.06.2026 19:38
609

Threads platformasynyň auditoriýasy ýarym milliard adama ýetdi

Threads sosial ulgamy özüniň aýlyk auditoriýasyny 500 milliona ýetirip, X (öňki Twitter) platformasynyň görkezijilerine golaýlaşdy....

16.06.2026 12:35
6.2k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

14.06.2026 16:12
5.2k+

Rolls-Royce suratkeş Siril Kongo bilen bilelikde 5 sany eksklýuziw Cullinan döretdi

Rolls-Royce häzirki zaman suratkeşi Siril Kongo bilen bilelikde döredilen Cullinan Black Badge krossowerleriniň bäşlikden ybarat ýörite tapgyryny hödürledi. Ähli awtomobiller eýýäm brendiň kolleksionerleri......

04.06.2026 23:16
5.1k+

ABŞ-nyň kazyýeti iň uly atmosfera barlaglary merkeziniň başga operatora geçirilmegini gadagan etdi

ABŞ-nyň Federal kazyýeti döwlet edaralarynyň amala aşyrýan çäreleriniň kanunylygyny şübhe astyna alyp, ABŞ-nyň Atmosfera barlaglary boýunça milli merkeziniň (NCAR) superkompýuter merkezini başga bir operatora......