Apple-iň paýnamalary pese düşmegini dowam etdirýär

  • 24.09.2021 14:03
  • 3.7k+

ABŞ-nyň fond biržasynyň maglumatlaryna görä, Apple kompaniýasynyň paýnamalary 1,83%, bir paýnama üçin 146,06 dollara çenli pese düşdi. Şeýlelik bilen, kompaniýanyň häzirki bazar bahasy 2,41 trillion ABŞ dollaryna deň boldy. Bir günde kompaniýanyň bazar kapitallaşdyrmasy tas 45,1 mlrd pese düşdi. Bu barada www.ixbt.com habar berýär.

Anna güni iPhone 13 üçin deslapky sargytlar kabul edilip başlandy. Netijede, smartfon deslapky sargytlaryň sany boýunça geçen ýyl çykarylan iPhone 12-den öňe geçdi: degişli döwürde 2 we 1,5 mln deslapky sargyt kabul edildi. Mundan başga-da, ABŞ-da, Beýik Britaniýada we dünýäniň beýleki ýurtlarynda smartfonlara bolan isleg artýar, ýöne käbir modelleriň gowşurylyş möhleti bir aý yza süýşürilýär.

Umuman aýdanyňda, bu habarlar kompaniýanyň paýnamalaryna arzanlamagy bes etmäge kömek etmedi, bu eýýäm soňky iki hepdäniň dowamynda, 7-nji sentýabrdan bäri hasaba alynýar. Öň habar berşimiz ýaly, iPhone 13-iň tanyşdyrylyş gününde-de kompaniýanyň paýnamalary arzanlady.

Analitikleriň pikiriçe, bu Apple-iň Epic Games-e garşy işi bilen bagly kazyýetiň çykaran karary bilen baglanyşyklydyr. Federal kazy Apple-e App Store-iň iş modelini üýtgetmegi buýurdy, şondan soň paýnamalar karar çykarylandan soň dört aýyň dowamynda iň uly pese gaçyşy görkezdi, kompaniýanyň bazar bahasy bolsa 85 milliard dollar pese düşdi. Belläp geçsek, indi Apple diňe 30 göterim komissiýa bilen App Store-iň üsti bilen däl-de, beýleki hyzmatlaryň üsti bilen hem programma töleglerine rugsat bermeli.

Bu karar 9-njy dekabrda güýje girer. 


19.05.2026 09:37
4.5k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......

17.05.2026 09:49
2.4k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

14.05.2026 12:04
2.8k+

Xiaomi 17-niň satuwy 5 million enjama golaýlady

2026-njy ýylyň 18-nji hepdesine çenli Xiaomi 17 seriýasynyň satuwy 5 million enjama golaýlady, emma bu görkezijiler Hytaý bazarynda iPhone 17-niň netijelerinden ep-esli pes bolmagynda galýar....

03.05.2026 16:10
3.1k+

Apple-iň girdejisi rekord derejä ýetdi: iPhone 17-ä bolan isleg garaşylandan hem ýokary boldy

Apple kompaniýasy mart aýynda tamamlanan çärýek üçin rekord maliýe netijelerini yglan etdi. Bu üstünligiň esasy sebäbi täze iPhone 17 modellerine bolan çenden aşa ýokary isleg boldy....