«Belfast» filmi Toronto halkara film festiwalynda ýeňiji boldy

  • 24.09.2021 14:06
  • 2k+

«Belfast» iňlis filmi 46-njy Toronto halkara film festiwalynyň (TIFF) Gran Pri baýragyna eýe boldy. Bu barada çäräniň guramaçylaryna salgylanyp, TASS habar berdi.

Iňlis režissýory Kennet Branyň ýarym terjimehal dramasynda bir oglanjygyň çagalygy hakda gürrüň berilýär. Oglanjygyň keşbini on ýaşly Jud Hilliň janlandyrandygy bellenilýär. Filmiň bütindünýä premýerasy Torontoda bolup, ol 12-nji noýabrda prokatlara ýaýrar.

Toronto halkara film festiwaly 9-18-nji sentýabr aralygynda geçirildi. Bu ýyl onda jemi 132 film görkezildi. Toronto film festiwaly 1976-njy ýyldan bäri geçirilmek bilen, ol dünýäniň iň uly film görkezilişleriniň biri hasaplanýar. Beýleki film festiwallaryndan tapawutlylykda, TIFF-de resmi emin ýok we esasy baýrak bolan "Tomaşaçylaryň söýgüsi baýragy" tomaşaçylaryň ses berişliginiň netijelerine esaslanyp berilýär. 2020-nji ýylda festiwalda asly hytaýly bolan ABŞ-ly režissýor Hloe Çžaonyň “Çarwalar ýurdy” filmi ýeňiji bolupdy.

düýn 17:04
2k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

12.05.2026 18:30
1.7k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....

06.05.2026 18:18
4.6k+

«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??

4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr»  diýen kesgitleme boýunça geçdi....