Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli nähili çäreler geçiriler?

  • 21.09.2021 17:22
  • 20k+

20-nji sentýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisini guramaçylykly geçirmek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyryp, mejlise gatnaşyjylaryň ünsüni meýilleşdirilen baýramçylyk çärelerine çekdi. Olar, ine, şulardan ybarat:

  • Berkarar Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly ýubileýi mynasybetli zähmetde tapawutlanan raýatlarymyzy döwlet sylaglary bilen sylaglamak baradaky birnäçe Permana Halk Maslahatynyň mejlisinde gol çekiler.

Şoňa görä-de, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygyna, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna Garaşsyzlyk baýramyna bagyşlanan dabaraly ýörişe täze orden-medallaryny dakynyp barar ýaly, sylaglanan raýatlaryň ählisine 26-njy sentýabrda irden mynasyp bolan döwlet sylaglaryny gowşurmak tabşyryldy.

  • 26-njy sentýabrda günüň ikinji ýarymynda myhmanlary kabul edişlik dabarasy bolar. Agşamlyk bolsa uly Söwda merkeziniň açylyş dabarasy geçiriler.
  • 27-nji sentýabrda irden täze Hökümet toplumynda dabaraly harby ýöriş geçiriler, agşamlyk bolsa sungat ussatlarynyň çykyşlary bolar.
  • 28-nji sentýabrda irden «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda harby gullukçylara mynasyp bolan döwlet sylaglary dabaraly ýagdaýda gowşurylar.
  • Däp bolşy ýaly, 28-nji sentýabrda irden Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda at çapyşyklary geçiriler.

Şeýle hem döwlet Baştutany yhlasly zähmet çekip, gowy netijeleri gazanan welaýat we etrap häkimlerine bolsa, sylaglary pagta ýygymy tamamlanansoň gowşurylsa dogry boljakdygyny belledi.

Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanowa hem-de ähli harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna baýramçylyk günlerinde birnäçe çäreleri geçirmegiň göz öňünde tutulýandygyny aýdyp, olaryň esasy wezipesiniň tertip-düzgüniň berk berjaý edilişine gözegçilik etmekden ybaratdygyny nygtady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna ähli edara-kärhanalarda, häkimliklerde ýolbaşçylaryň gije-gündiziň dowamynda nobatçylygyny guramak tabşyryldy. «Tiz kömek» we beýleki dessin gulluklar edil sagat ýaly takyk işlemelidir diýip, milli Liderimiz belledi we ähli ýerde nobatçylary degişli buýruklar bilen bellemegi, wise-premýer S.Toýlyýewe Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň we ähli arassaçylyk gulluklarynyň işini güýçlendirmegi tabşyrdy.


düýn 10:55
5k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....

08.06.2026 17:48
7k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

08.06.2026 12:12
3.6k+

Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2030-njy ýyla çenli Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda alnyp barylýan işlere erkekleriň we aýallaryň deň derejede gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen döwlet Baştutany Karara......

07.06.2026 10:07
3.3k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......