Disney 2024-nji ýylda Marvel kinoälemi boýunça dört film çykarar

  • 19.09.2021 07:56
  • 4.8k+

Disney kompaniýasy özüniň reliz tertibine 2024-nji ýylda çykjak Marvel älemi boýunça dört sany täze kinokomiksi goşdy. Kartinalaryň atlary heniz belli däl, ýöne premýeralaryň takyk senesi yglan edildi: 16-njy fewral, 3-nji maý, 26-njy iýul we 8-nji noýabr. Bu barada “ScreenCrush” neşiri habar berýär diýip, kanobu.ru belleýär.

2023-nji ýylda Marvel janköýerleri bäş filmi görüp bilerler. Olaryň arasynda “Galaktikanyň sakçylarynyň” (Guardians of the Galaxy) we “Garynja adamyň” (Ant-Man) trikwelleri, şeýle-de üç sany ady agzalmadyk kartina bar.

2022-nji ýylda Marvel kinoälemi dört kartina taýýarlaýar: “Tor: Söýgi we gümmürdi” (Thor: Love and Thunder), “Gara pantera: Wakanda baky” (Black Panther: Wakanda Forever), “Marweller” (The Marvels) we “Lukman Strenj we multiälem telbeligi” (Doctor Strange in the Multiverse of Madness).

2021-nji ýylda “Ebediler” (4-nji noýabr) we “Möý adam: Öýe ýol ýok” (16-njy dekabr) filmleriniň premýeralarynyň bolmagyna garaşylýar. 

“Suw perijiginiň” hem global premýerasynyň senesi belli boldy – 2023-nji ýylyň 26-njy maýy. Onuň ýola goýulmagyna Rob Marşall jogap berýär. Filmiň surata düşürilişi eýýäm tamamlandy. Arieliň keşbini Holli Beýli ýerine ýetirdi.

Asyl nusgasy çykandan 13 ýyl soň, 2022-nji ýylyň 16-njy dekabryna “Awataryň” dowamy meýilleşdirilýär. 2028-nji ýyla çenli bolsa ýene üç dowamy çykar. Ähli bölümlere Jeýms Kemeron režissýorlyk edýär.

12.05.2026 18:30
1.5k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....

06.05.2026 18:18
4.3k+

«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??

4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr»  diýen kesgitleme boýunça geçdi....

05.05.2026 23:18
1.5k+

Armani/Casa Jorjo Armaniniň mirasyna bagyşlanan mebel kolleksiýasyny görkezdi

Armani/Casa studiýasy Milan dizaýn hepdeliginde täze mebel kolleksiýasyny görkezdi. Ekspozisiýa Origins diýip atlandyryldy we Jorjo Armaniniň mirasyna bagyşlandy....

25.04.2026 15:42
3.3k+

Chanel-den 4 million dollarlyk küşt toplumy

Ženewada geçirilen «Watches & Wonders 2026» sergisinde Chanel moda öýi özüniň «Coco Game» atly täsin küşt toplumyny görkezdi. Bu toplum, oýun esbaby däl-de, hakyt ajaýyp sungat eserine meňzeýär....