ABŞ-da çölüň ortasynda millionlarça adam üçin şäher gurlar

  • 19.09.2021 07:25
  • 7.8k+

Daniýaly binagär we BIG býurosyny esaslandyryjy Býarke Ingels ABŞ-da çölüň ortarasynda “Telosa” ady bilen täze şäher gurar. Ol ýerde bäş million adam ýaşap biler. Bu barada “Dezeen” neşiri habar berýär diýip, Day.Az belleýär.

150 müň akr (60,7 müň gektardan gowrak) meýdançada şäheri “noldan” başlap gurmak pikiri telekeçi Mark Lore degişli. Ony döredijiler “dünýäde ekologiýa taýdan iň arassa şäheri” gurmagy maksat edinýärler. Çaklamalara görä, 2030-njy ýyla çenli Telosada 50 müň adam ýaşar, geljek 40 ýylyň dowamynda ilat sany birnäçe milliona ýeter.

“Biziň maksadymyz ABŞ-da şäher durmuşynyň global standartyny kesgitläp, adamzat potensialyny giňeltjek we geljekki nesiller üçin nusga boljak täze şäheri döretmekden ybarat” – diýip, döredijiler belleýär.

Şäher birnäçe etraplara bölner, bir akra 33 adamdan düşer – bu görkeziji San-Fransiskonyň ilatynyň gürlügine barabar. Binalar ekologiýa taýdan arassa materiallardan gurlar, jaýlaryň öň tarapy bölekleýin ösümlikler bilen örtüler, ýollarda awtonom ulag serişdeleri hereket eder. Telosanyň merkezinde “Ekwitizm” atly diň bilen seýilgäh gurlar, diňiň ýokarsynda seredilýän meýdança bolar. Bu bina şäher üçin “maýak” bolmaly.


düýn 12:34
1.3k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......

10.06.2026 16:26
6.1k+

ABŞ-nyň kazyýeti iş wizalary üçin 100 müň dollarlyk tölegi ýatyrdy

ABŞ-nyň federal kazyýeti prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan H-1B wizalaryny almak üçin arza berilende girizilen 100 müň dollarlyk mejbury tölegi kanunalaýyk däl diýip ykrar etdi. Bu barada......

09.06.2026 08:03
16k+

Kazyýet işi Ak tamyň ýanynda geçirilmeli UFC ýaryşyny howp astynda goýdy

UFC ýaryşynyň geçirilmegine bir hepde galanda, ABŞ-nyň harby güýçleriniň weteranlaryny hem öz içine alýan bir topar raýat bu çäräni gadagan etmegi talap edip, käzyýete ýüz tutdular....