Pekindäki gyşky Olimpiadanyň alawy 18-nji oktýabrda Gresiýada tomaşaçysyz ýakylar

  • 19.09.2021 16:38
  • 4.7k+

2022-nji ýylda Hytaýda geçiriljek gyşky Olimpiýa oýunlary üçin Olimpiýa alawyny ýakmak dabarasy koronawirus pandemiýasy sebäpli çäklendirmeler bilen baglylykda 18-nji oktýabrda Peloponnesdäki Gadymy Olimpiýadada tomaşaçysyz geçiriler diýip, Gresiýanyň Raýatlary goramak ministrligi aýtdy. Muny mir24.tv ýetirýär.

Çarşenbe güni ministrlikde çäreler we Olimpiýa alawyny ýakmak dabarasy bilen bagly grek we hytaý wekiliýetleriniň ýygnagy geçirildi. Oňa Gresiýanyň Olimpiýa komitetiniň başlygy Spiros Kapralos gatnaşdy. Degişli netijeler çykarylanda COVID-19-yň ýokaşma töwekgelçilikleri we gorag çäreleri göz öňünde tutuldy. 

“Maksatnama şeýle görnüşde kesgitlenildi: alawyň ýakylyşy 2021-nji ýylyň 18-nji oktýabrynda Gadymy Olimpiýadada köpçülik gatnaşmazdan geçiriler. Soňra estafetadan soň alaw Afinadaky Akropola getiriler, şol ýerde-de ol gijäni geçirer” – diýip, ministrlik habar berdi.

19-njy oktýabrda alaw “Panatinaikos” stadionyndaky resmi dabarada hytaý wekiliýetine gowşurylar. Çärä diňe 200 akkreditlenen adam gatnaşar, olaryň arasynda iki tarapyň we Olimpiýa komitetiniň resmi wekiliýetleri bar. Şondan soň alaw Afina howa menzilinden ýörite uçuş bilen Pekine getiriler.

Däp boýunça Olimpiýa alawy Oýunlaryň watany bolan Peloponnesdäki Gadymy Olimpiýadada Günüň şöhlesinden ýakylýar. 2020-nji ýylda koronawirus sebäpli dabara tomaşaçysyz geçirildi. Geçen ýyl estafetanyň grek tapgyry ýatyryldy, Tokiodaky tomusky Olimpiýa oýunlarynyň özi bolsa pandemiýa sebäpli bir ýyl yza süýşürildi. 

Ýatlap geçsek, 2022-nji ýyldaky gyşky Olimpiýa oýunlary 4-nji fewraldan 20-nji fewral aralygynda Pekinde geçiriler.


düýn 14:01
6.8k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

10.06.2026 08:04
9.4k+

Hytaýly raýat 32 gaty bolan binanyň 34-nji gatyndan öý satyn aldy

Hytaýyň Şensi welaýatynyň ýaşaýjysy ahyrynda binada bary-ýogy 32 gatyň bardygy belli bolandan soň, gurulýan binanyň 34-nji gatyndan satyn alan öýi üçin tölän serişdelerini kazyýet arkaly yzyna almaly boldy....

04.06.2026 18:42
5.6k+

Haýnan şäherinde äpet tüweleý şekilindäki Ylym muzeýi açyldy

Hytaýyň Haýnan adasyndaky Haýkou şäherinde 46 528 inedördül metrlik medeni we bilim merkezi bolan Haýnan Ylym muzeýiniň gurluşygy tamamlandy. Ol Uýuan derýasynyň Milli suwluk-batgalyk seýilgähiniň gyrasynda......

28.05.2026 21:19
4.2k+

ÝB howply oýunjaklary sebäpli Temu internet dükanyna 200 million ýewro jerime saldy

Ýewropa Komissiýasy Hytaýyň meşhur Temu internet dükanyna 200 million ýewro uly jerime saldy. Muňa marketpleýs üsti bilen bäbekler üçin howply oýunjaklaryň we döwük-ýenjik zarýad berijileriň satylmagy sebäp......