Günorta Koreýa 2050-nji ýyla çenli plastik galyndylardan ýüz öwürmegi maksat edinýär

  • 18.09.2021 13:40
  • 9k+

Koreýa Respublikasy 2030-njy ýyla çenli taşlanýan plastik zibilleriniň möçberini 60%, 2050-nji ýyla çenli 100% azaldar. Bu barada ýurduň prezidenti Mun Çže In Kenarlary arassalamagyň halkara güni mynasybetli aýtdy diýip, TASS habar berýär.

“Plastik tebigatda 450 ýylda çüýreýär, mikroplastik bolsa diňe bir deňiz ýaşaýjylaryna däl, eýsem adam saglygyna hem howp salýar. Günorta Koreýa Dünýä ummanyny hapalaýan plastik galyndylar bilen bagly meseläni çözmek üçin halkara hyzmatdaşlygy güýçlendirer” – diýip, ýurduň prezidenti belledi.
“Koreýa Respublikasy 2030-njy ýyla çenli şeýle galyndylary 60% azaldar, asyryň ortalaryna çenli ony nol derejä getirer” – diýip, döwlet baştutany sözüniň üstüni ýetirdi.

Kenarlary arassalamagyň halkara güni sentýabr aýynyň üçünji şenbesinde geçirilýär, onuň maksady adamlary dünýäniň kenarlaryny arassalamaga ugrukdyrmakdyr. Günorta Koreýa bu kampaniýa 2001-nji ýyldan bäri gatnaşyp gelýär. 


04.02.2026 10:47
3.3k+

Alymlar CO₂ derejesini peseltmek üçin agaçlary suwa basdyrmagy teklip edýärler

Kembrij uniwersitetiniň alymlary Ulf Býutgeniň ýolbaşçylygynda Demirgazyk buzly ummanynyň düýbüne agaçlary çümdürmek arkaly uglerody uzak möhletleýin saklamak usulyny hödürlediler. Bu ylmy garaýyş 2026-njy ýylyň ýanwar aýynda NPJ Climate Action žurnalynda çap edildi...

31.01.2026 15:26
3.3k+

Paleontologlar 512 million ýyllyk deňiz ekoulgamyny tapdy

Hytaýyň Hunan welaýatynda 512 million ýyl taryhy bolan, şonda-da gowy saklanyp galan deňiz ekoulgamynyň galyndylary tapyldy diýip, New Scientist neşiri habar berýär. Bu tapyndy Ýer ýüzüniň taryhyndaky ilkinji köpçülikleýin gyrylmadan soň haýwanat dünýäsiniň ýagdaýyny jikme-jik seljermäge mümkinçilik berýär...

24.12.2025 10:36
12k+

Günorta Koreýanyň ilkinji hususy raketasy uçurylandan az wagt soň heläkçilige uçrady

23-nji dekabrda Aşgabat wagty bilen sagat 06:13-de Günorta Koreýanyň Innospace hususy kompaniýasynyň raketasynyň ilkinji orbital uçurylyşy amala aşyryldy. Bu synanyşyk şowsuz tamamlandy: uçurylandan takmynan 30 sekunt soň raketa ýere gaçdy we bortundaky ähli ýük ýitirildi...

03.12.2025 10:53
7.5k+

FT: Afrikanyň tokaýlary uglerody siňdirmegi bes edip, parnik gazlaryny çykaryp başladylar

Afrikanyň öň parnik gazlaryny özüne siňdirýän tokaýlary geçen onýyllygyň başynda, tokaýlaryň köpçülikleýin çapylmagy sebäpli, CO2 zyňyndylarynyň iň uly çeşmelerinden birine öwrüldi. Bu barada halkara klimaty öwrenýän alymlar toparynyň geçiren barlagyna salgylanýan Britaniýanyň Lester uniwersitetiniň metbugat gullugy habar berýär...