«Tejenkarbamid-iň» durkuny täzelemek boýunça daşary ýurtly kompaniýalar bilen şertnama baglaşylar

  • 17.09.2021 10:36
  • 6.9k+

 Häzirki wagtda Türkmenistanyň karbamid zawodlarynyň önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmak ugrunda degişli işler alnyp barylýar. “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça geçirilen işleriň netijesinde, “Tejenkarbamid” zawodynyň durkuny düýpli täzelemek boýunça maýa goýmak hem-de onuň üçin öndüriljek goşmaça önüm bilen hasaplaşmak baradaky teklipler öwrenildi.

Bu barada 16-njy sentýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, “Türkmenhimiýa” döwlet konserni ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny karbamid döküni bilen diňe bir doly üpjün etmän, ony köp mukdarda eksporta hem ugradýar. Häzirki wagtda onuň eksport edilýän mukdaryny artdyrmak üçin ýurdumyzyň karbamid zawodlarynyň önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmak ugrunda degişli işler alnyp barylýar.

“Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça geçirilen işleriň netijesinde, “Tejenkarbamid” zawodynyň durkuny düýpli täzelemek boýunça maýa goýmak hem-de onuň üçin öndüriljek goşmaça önüm bilen hasaplaşmak baradaky teklipler öwrenildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, himiýa toplumlarynyň bökdençsiz işlemeginiň üpjün edilmeginiň hem-de doly önümçilik kuwwatyna çykarylmagynyň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere “Tejenkarbamid” zawodynyň durkuny täzelemek boýunça daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen şertnama baglaşmak baradaky meseläni ýene bir gezek içgin öwrenmek hem-de soňra oňa garamak üçin degişli düzümlere ibermek tabşyryldy.

şu gün 10:04
13

Kyodo: Ýaponiýada puluň hümmetsizlenmegi güýçlendi. Lomaý bahalar üç ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

ABŞ-ndan, Hytaýdan we Germaniýadan soň nominallaýyn Jemi içerki önüm (JIÖ) boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Ýaponiýa ykdysady basyşyň güýçlenmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy. Kyodo habarlar gullugynyň......

düýn 22:20
3.9k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

düýn 22:18
4k+

Modi Hindistanyň premýer-ministri hökmünde rekord goýdy

Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modi ýurduň häzirki taryhyndaky ähli hökümet baştutanlarynyň arasynda bu wezipäni üznüksiz we iň uzak wagtlap eýelän premýer-ministr hökmünde rekord goýdy....

düýn 13:44
2.6k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......