Jastin Biber MTV wersiýasy boýunça «Ýylyň ýerine ýetirijisi» boldy

  • 16.09.2021 12:09
  • 5k+

Kanadaly aýdymçy Jastin Biber MTV Video Music Awards (MTV VMA) baýragynyň wersiýasy boýunça “Ýylyň ýerine ýetirijisi” diýlip yglan edildi. Biber geçen ýylyň koronawirus pandemiýasy sebäpli hemmeler üçin kyn bolandygyny belledi we özüniň aýaly Heýli Bolduine aýratyn minnetdarlyk bildirdi. 

Kanadaly pop-aýdymçy bilen bilelikde Ariana Grande, Doja Cat hökmünde belli bolan Amala Dlamini, Megan Piti (Megan Thee Stallion), Oliwiýa Rodrigo we Teýlor Swift hem bu baýrak üçin bäsleşdi. Mundan başga-da, Biberiň Dezmann Ewans (Giveon) we Eşton Simmonds (Daniel Caesar) bilen bilelikde ýerine ýetiren “Peaches” atly kompozisiýasy “Pop-aýdym-saz” kategoriýasynda iň gowusy boldy diýip, TASS habar berýär.

Şu ýyl awgust aýynda 40 ýyl bolan teleýaýlymyň baýragy özüniň adaty görnüşine gaýdyp geldi. Baýraklar Bruklindäki Barclays Center sport meýdançasynda muşdaklaryň gatnaşmagynda gowşuryldy.

MTV Video Music Awards baýragy 1984-nji ýylda MTV aýdym-saz teleýaýlymy tarapyndan esaslandyrylmak bilen, wideoklip döretmek gurşawynda iň abraýly baýraklaryň birine öwrüldi. Onuň laureatlaryna teleýaýlymyň logotipi şekillendirilen baýdakly skafandrda bolan astronawt görnüşli heýkel gowşurylýar.

11.06.2026 13:03
7.5k+

Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär

Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň......

05.06.2026 13:07
4.8k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2.1k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....