Täze Zelandiýanyň ýaşaýjylary ýurduň adyny üýtgetmegi talap edýärler

  • 16.09.2021 11:58
  • 11k+

“Maori partiýasynyň” liderleri Täze Zelandiýanyň adyny 2026-njy ýyla çenli “Aotearoa” polineziýa adyna üýtgetmegi we ähli şäherlere maori adyny bermegi talap edýän arza gol ýygnap başladylar. Bu barada RNZ radiosyna salgylanyp, RIA Nowosti habar berýär.

Ýurduň ýerli ýaşaýjylarynyň syýasy guramasynyň egindeş başlyklary Rawiri Waititi bilen Debbi Ngarewa-Pakeriň pikiriçe, asyl atlar ýoýulýar, kabul edilmeýär we ähmiýet berilmeýär.

“Maori dili öňki döwürde bu ýurtda ilkinji we resmi dil derejesini aldy. Biz Polineziýa döwleti, biz Aotearoa” – diýip, RNZ radiosy Waititiniň sözlerini getirýär.

Ngarewa-Pakeriň aýtmagyna görä, kolonial bilim we XX asyryň başynda ýer atlarynyň iňlis atlaryna üýtgedilmegi Täze Zelandiýanyň häzirki ýerli ýaşaýjylarynyň ata-babalarynyň ene dilinde gürlemek ukybynyň 1910-njy ýyldaky 90 göterimden 1950-nji ýylda 23 göterime çenli peselmegine getirdi.
Maori ilatyň, takmynan, 15%-ini emele getirýär, ýöne ýaşaýjylaryň diňe üç göterimi bu dilde gürleýär.

Premýer-ministr Jasinde Ardern adyň üýtgedilmegine garşy çykdy: “Biz Täze Zelandiýanyň adyny resmi taýdan üýtgetmegi meýilleşdirmeýäris. Ýöne şol bir wagtyň özünde men adamlaryň ýerleriň dürli atlaryny bile ulanýandygyna begenýändigimi aýdasym gelýär we meniň pikirimçe, bu tejribe hasam giňeldiler”.

Onuň aýtmagyna görä, maori dili iňlis dili bilen birlikde resmi diýlip ykrar edildi, ýerleriň asyl atlary geljekde-de “biri-biriniň deregini tutup” ulanylar.
Maori dilinden gelip çykan “Aotearoa” ady maori ata-babalarynyň Täze Zelandiýa adalarynyň üstünde sekiz asyr mundan öň sekiz sany uly kanoe gaýygynda ummany kesip geçenlerinde gören “Uzyn ak buludyny” aňladýar. 


30.11.2025 10:09
9.3k+

Täze Zelandiýada seýrek haýwanlary goramagyň hatyrasyna ýabany pişikleri ýok edýärler

Täze Zelandiýanyň hökümeti ýabany pişikleri 2050-nji ýyla çenli doly ýok etmek maksady bilen, olary ýyrtyjylara garşy göreşmegiň milli strategiýasyna goşmak kararyna geldi. Tebigaty goramak ministri Tama Potaka pişikleriň ýurduň biodürlüligine çynlakaý howp salýandygyny nygtady...

27.11.2025 11:44
5.6k+

Täze Zelandiýada gülgüne reňkli çekirtge tapyldy: bu onuň durmuşyny kynlaşdyrar

Täze Zelandiýanyň Ýabany haýwanat dünýäsini goramak departamentiniň hünärmenleri Sigaus robustus görnüşine degişli gülgüne çekirtgäni tapdylar. Beýle üýtgeşiklik tebigatda örän seýrek duş gelýär. Emma şeýle açyk reňkiň howply tarapy hem bar – ol çekirtgäni ýyrtyjylara mese-mälim edip görkezýär...

12.10.2025 11:14
9.6k+

Täze Zelandiýanyň ýaşaýjysy 2253 sözden ybarat ady alyp, rekord goýdy

Täze Zelandiýanyň ýaşaýjysy Lourens Uotkins dünýäde iň uzyn adyň eýesi hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Onuň doly ady 2253 sözden durýar diýip, Daily Mail ýazýar. Waka 1990-njy ýylyň martynda, Uotkinsiň öz şahsy maglumatlaryny üýtgetmek kararyna gelip, öz adyna iki müňden gowrak ikinji ady goşmagy bilen başlady...

06.09.2025 17:19
11k+

Täze zelandiýaly gyz 24 sekuntda LEGO bölekleriniň üstünden 100 m ylgap, rekord goýdy

Täze Zelandiýadan Gabriel Uoll 24,75 sekuntda LEGO bölekleriniň üstünden aýakýalaň 100 metr aralygy ylgap geçip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Bu barada guramanyň saýtynda habar berilýär. “Bu tejribe ýatdan çykmajak boldy we men öz mümkinçiliklerimiň çäginden çykyp bilendigime buýsanýaryn” – diýip, Gabriel paýlaşdy...