«Maklareniň» sürüjisi Rikkýardo Italiýanyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy

  • 13.09.2021 07:52
  • 3.2k+

«Maklaren» toparynyň awstraliýaly sürüjisi Daniel Rikkýardo Formula-1 ulag klasyndaky awtoýaryşlar boýunça dünýä çempionatynyň 14-nji tapgyry bolan Italiýanyň Gran-prisiniň esasy ýaryşynda ýeňiji boldy.

Ýaryşda ikinji orny Rikkýardonyň topardaşy britaniýaly Lando Norris eýeledi, üçünji bolup pellehana “Red Bulldan” meksikaly Serhio Peres geldi, ýöne onuň wagtyna bäş jerime sekunty goşuldy, şondan soň bu orun pelotonyň ahyryndan ugran we şenbe güni sprint ýaryşynda ýeňiji bolan “Mersedesden” Waltteri Bottasa geçdi.

Rikkýardo karýerasynda sekizinji we 2018-nji ýyldan bäri ilkinji ýeňşini gazandy. Şol wagt ol “Red Bulluň” düzüminde çykyş edýärdi. 26-njy aýlawda çempionatyň liderleri Maks Werstappen (“Red Bull”) bilen britaniýaly Lýuis Hemilton (“Mersedes”) biri-biri bilen çaknyşyp, distansiýadan çykdylar. 

Umumy sanawda 226,5 utuk gazanyp Werstappen öňde barýar, ikinji orny Hemilton (221,5), üçünji orny Bottas (141) eýeleýär. Konstruktorlaryň kubogynda “Mersedes” (362,5) öňde barýar, ikinji orunda “Red Bull” (344,5), üçünji orunda “Maklaren” (215) ýerleşýär.
Formula-1-iň indiki tapgyry 24 – 26-njy sentýabrda Russiýada geçiriler.


10.05.2026 12:29
3.7k+

FIFA futbol ýelmentgilerini çykarmak boýunça Panini bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygyny bes edýär

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino 2030-njy ýylyň dünýä çempionatyndan soň Italiýanyň Panini kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň bes ediljekdigini yglan etdi. 2031-nji ýyldan başlap, FIFA-nyň howandarlygyndaky......

05.05.2026 15:03
4.3k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....

04.05.2026 14:40
1.9k+

Antonelli yzygider üçünji gezek «Formula-1-iň» Gran-pri tapgyrynda ýeňiş gazandy

«Mercedes» toparynyň sürüjisi Andrea Kimi Antonelli Maýaminiň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy — bu onuň «Formula-1-iň» häzirki möwsüminde yzygider üçünji ýeňşidir....

04.05.2026 10:40
2.7k+

«Inter» Italiýada wagtyndan öň çempion boldy: Serie A-da 21-nji tituly

«Inter» futbol boýunça Italiýanyň çempionatynyň tamamlanmagyna üç tapgyr galanda, wagtyndan öň ýeňiji boldy we çempionlyk titulyny gazandy....