Serdar Azmun indiki tomusda «Milana» geçip biler

  • 12.09.2021 09:55
  • 12k+

"Zenitiň" hüjümçisi Serdar Azmun 2022-nji ýylyň tomsunda erkin agent hökmünde Italiýanyň "Milan" toparyna geçip biler. Bu barada Calciomercato habar berýär.

Mundan başga-da, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri 26 ýaşly eýranly futbolçynyň Russiýanyň Premýer-ligasynyň 2021/22 möwsümi tamamlanandan soňra Italiýanyň "Roma" toparyna hem geçip biljekdigini belleýärler. Rimli toparyň baş tälimçisi Žoze Mourinýo Azmuny öz toparynda görmek isleýär.

Mundan öň Fransiýanyň "Lion" toparynyň tomusky transfer penjiresi ýapylmazdan ozal hüjümçini satyn almak isländigi habar berildi. Soňra bolsa "Zenitiň" ony ýerine adam tapyp bilmändigi sebäpli goýbermändigi belli boldy.

“Transfermarkt” portaly eýranly oýunçynyň bahasyny 25 million ýewro diýip çaklaýar. Ýeri gelende bellesek, Russiýanyň Premýer-ligasynyň 2020/21-nji möwsüminde Azmun 24 oýun oýnady we şol oýunlarda 19 gol geçirip, iki asist pasyny berdi.  2021/22 möwsüminiň başynda hüjümçi bäş gol geçirmegi we bir asist pasyny bermegi başardy.


düýn 19:46
5k+

Çempionlar ligasynda 2025/26 möwsüminiň topary we goly yglan edildi

Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşiginiň tehniki synçylar topary Çempionlar ligasynda 2025/26 möwsüminiň toparyny we iň gowy on goluny saýlady. Bu barada UEFA-nyň resmi sahypasynda habar berilýär....

düýn 19:25
3.6k+

Arda Güler Çempionlar ligasynda 2025/26 möwsüminiň «açyşy» diýlip yglan edildi

«Realyň» ýarymgoragçysy Arda Güler UEFA-nyň tehniki synçylarynyň baha bermegi boýunça UEFA-nyň Çempionlar ligasynda «Möwsümiň açyşy» diýlip yglan edildi....

düýn 19:24
1.8k+

Hwiça Kwarasheliýa Çempionlar ligasynda möwsümiň iň gowy oýunçysy boldy

Fransiýanyň «Pari Sen-Žermen» toparynyň we Gruziýanyň milli ýygyndysynyň wingeri Hwiça Kwarasheliýa Çempionlar ligasynda möwsümiň iň gowy oýunçysyna berilýän baýragyň eýesi boldy. Bu barada Ýewropanyň Futbol......

düýn 17:02
4k+

DÇ-2026-nyň stili: geljekki çempionatyň iň gelşikli we gelşiksiz futbol lybaslary kesgitlendi

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň başlanmagyna sanlyja günler galdy. Şonuň üçin şu günler esasan futbol, şeýle-de biletleriň gymmatlygy, FIFA-nyň töweregindäki düşnüksiz jedeller we dürli guramalaryň......