Bottas Italiýanyň Gran-prisiniň sprint ýaryşynda ýeňiji boldy

  • 12.09.2021 07:18
  • 2.2k+

«Mersedes» toparyndan finlýandiýaly sürüji Waltteri Bottas ýekşenbe günündäki esasy ýaryşyň start gözenegini kesgitleýän Italiýanyň Gran-prisiniň sprint ýaryşynda ýeňiji boldy.

Bottas sprintdäki ýeňşi üçin üç utuk gazandy. Ikinji orny iki utuk gazanan “Red Bulldan” Maks Werstappen, üçünji orny bir utuk gazanan “Maklareniň” sürüjisi Deniel Rikkýardo eýeledi. Ýeňiji bolandygyna garamazdan, Bottas kuwwatly gurluşyň elementlerini çalşyrandygy üçin jerime sebäpli, ýekşenbe güni iň soňky bolup ugrar. Şeýlelik bilen, poul-pozişnde Werstappen bolar. 

Pellehana gelenleriň onlugyna şular hem girdi: 4. Lando Norris, “Maklaren”; 5. Lýuis Hemilton, “Mersedes”; 6. Şarl Lekler, “Ferrari”; 7. Karlos Saýns, “Ferrari”; 8. Antonio Jowinassi, “Alfa Romeo”; 9. Serhio Peres, “Red Bull”; 10. Lens Stroll, “Aston Martin”.

Çempionatyň lideri Werstappen (226,5 utuk) utukly üçlüge girmek bilen ikinji orunda gelýän Hemiltondan (221,5) üstünligini artdyrdy. 

Italiýanyň Gran-prisi Monsa milli awtodromynda 12-nji sentýabrda 18:00-da geçirilýär.


20.06.2026 20:28
15k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

19.06.2026 19:42
1.5k+

Lýuis Hemilton "Ferrari-ä" geçeni bäri ilkinji ýeňşini gazandy

«Ferrari» toparynyň sürüjisi Lýuis Hemilton «Formula-1-iň» Ispaniýa Gran-pri tapgyrynyň ýeňijisi boldy....

09.06.2026 07:51
4.5k+

19 ýaşly Antonelli Monakonyň Gran-prisinden ýeňiş gazandy: bu onuň yzly-yzyna bäşinji ýeňşi

«Mercedes» toparyndan çempionatyň lideri Andrea Kimi Antonelli 2026-njy ýylyň Formula-1 möwsüminiň altynjy tapgyry bolan Monakonyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryş 7-nji iýunda Monte-Karlo şäheriniň......

27.05.2026 18:20
7.3k+

Italiýanyň çempionatynda tälimçi duranok: «Milan» Allegrini işden boşatdy, Konte «Napoliden» gitdi

Italiýanyň A Seriýasynda 2025/26 möwsüm diňe bir «Interiň» ýeňşi we «Komo» klubunyň taryhy üstünligi bilen däl, eýsem top-klublaryň arasyndaky nobatdaky giň gerimli özgertmeler bilen hem jemlendi....