«Taliban» Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny mälim etdi

  • 11.09.2021 08:10
  • 25k+

«Taliban» hereketiniň resmi wekili Zabiulla Mujahid «Talibanlaryň» Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklap, ýurduň owgan halkynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak boýunça tagallalaryna ýokary baha berdi. Bu barada Zabiulla Mujahidiň Twitter sahypasyndaky maglumatlaryna salgylanyp, ORIENT habar berýär.

«Talibanlaryň» resmi wekili öz Twitter sahypasynda türkmen tarapynyň Owganystandaky täze hökümet bilen gatnaşyklaryna berýän oňyn bahasyna kanagatlanma bildirýär. Şeýle-de Türkmenistanyň Owganystanyň ykdysadyýetini ösdürmek, owgan halkyna ynsanperwerlik kömegini bermek boýunça tagallalary aýratyn nygtalýar.

Ýeri gelende bellesek, 8-nji sentýabrda Pakistan Yslam Respublikasynyň başlangyjy bilen Owganystanyň goňşy döwletleriniň daşary işler ministrleriniň wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirilip, onda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew türkmen tarapyna wekilçilik etdi. 

Wepa Hajiýew türkmen tarapynyň goňşy ýurtdaky we tutuş sebitdäki häzirki ýagdaýlar bilen bagly bolan garaýyşlaryny beýan edip: “Bu duşuşyk Türkmenistan tarapyndan Owganystanda parahatçylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegi hem-de bu ýurduň mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürilmegi ugrunda sebitleýin utgaşykly çemeleşmäniň işlenilip düzülmegi ugrundaky mümkinçilik hökmünde kabul edilýär” diýip belledi.


düýn 08:13
1.6k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

düýn 08:05
3.1k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......

18.06.2026 22:09
1.4k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

18.06.2026 18:14
745

Aşgabatda türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

17-nji iýunda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu çärä gatnaşmak......