«Taliban» Owganystanyň täze hökümet düzümini belli etdi

  • 09.09.2021 00:33
  • 31k+
«Taliban» Owganystanyň täze hökümet düzümini belli etdi

“Taliban” hereketiniň wekilleri sişenbe güni agşam Owganystanyň täze wagtlaýyn hökümetiniň düzümini belli etdiler. Onuň baştutany Mohammad Hasan, onuň orunbasarlary – Abdul Gani Baradar we Abdul Salam Hanafi boldy, ýokary lideri Haýbatulla Ahundzada ministrler kabinetinde wezipe eýelemedi.

Ýolbaşçylyk:

Premýer ministr – Şura (“Taliban” ýolbaşçylar geňeşi) ýolbaşçysy Mohammad Hasan. Ol Hereketiň dörän ýerinden – Kandagardan gelip çykan, “Talibanyň” häkimiýet başynda bolan ilkinji döwründe (1996 – 2001) Ministrler geňeşiniň başlygynyň birinji orunbasary, Daşary işler ministri we Kandagaryň gubernatory wezipelerini eýeledi. 

Wise-premýer – “Talibanyň” syýasy toparynyň lideri Abdul Gani Baradar. Ýene bir wise-premýer – Katarda Hereketiň syýasy ofisiniň ýolbaşçysynyň orunbasary Abdul Salam Hanafi. Hereketiň ilkinji hökümetinde Bilim ministriniň orunbasary boldy.

Hökümet düzümi:

Täze hökümetiň düzümine premýer ministrden we onuň orunbasarlaryndan başga-da, 19 ministr girdi, şeýle-de Merkezi bankyň, Baş ştabyň we aňtaw gullugynyň ýolbaşçylarynyň atlary belli edildi.

Owganystanyň KHBS-i olaryň ählisiniň “Talibanyň” agzasydygyny belleýärler. Hereketiň wekili Zabihulla Mujahidiň aýtmagyna görä, talibler hemişelik kabinete owgan jemgyýetiniň ähli gatlaklaryny girizmegi meýilleşdirýärler. Ministrleriň aglaba köplügi Owganystanyň iň uly etniki toparynyň wekilleri bolan puştunlardyr. Täze ministrleriň ählisi – erkekler.

Ýaragly güýçler we daşary syýasat blogy:

Goranmak ministri – Muhammad Ýakub Mujahid ýa-da molla Ýakub. Ol 2013-nji ýylda aradan çykan “Talibany” esaslandyryjy molla Omaryň ogly. 

Daşary işler ministri – “Talibana” ýolbaşçylyk boýunça Komissiýanyň başlygy Amir han Mottaki. Talibleriň häkimiýet başynda bolan ilkinji döwründe ol Ýokary bilim ministrligine ýolbaşçylyk etdi. DIM-iň orunbasary – Şer Mohammad Abbas Stanikzaý. 

Içeri işler ministri – köplenç, ýarym garaşsyz diýlip atlandyrylýan “Hakkani tory” terroristik guramany esaslandyryjy Jelaluddin Hakkaniniň ogly Sirajuddin Hakkani. KHBS-iň habar bermegine görä, 15-nji awgustda Kabul ele alnandan soň, ol şäher ýagdaýyna jogap berýär. 

Aňtaw gullugynyň ýolbaşçysy – “Talibanyň” syýasy toparynyň agzasy Abdul Hak Wasik.

Ykdysady we beýleki ministrler:

Ykdysadyýet ministri – Kari Din Mohammad Hanif. Bilim ministri – şeýh Mawlawi Nurulla Munir, Ýokary bilim ministri – Mawlawi Abdul Baki Hakkani. 

Medeniýet we maglumat ministri – 1996 – 2001-nji ýyllarda IIM-iň ýolbaşçysy wezipesini eýelän Haýrulla Haýhwa. Onuň orunbasary – köp wagtlap “Talibanyň” wekili bolan we 17-nji awgustda Kabul ele alnandan soň talibleriň ilkinji metbugat konferensiýasyny beren Zabihulla Mujahid.

Aragatnaşyk ministri – Najibulla Hakkani. Awiasiýa we ulag işleri boýunça ministr – Hamidulla Ahundzada. Merkezi bankyň başlygy – öň “Talibanyň” ykdysady meseleler boýunça komissiýasyna ýolbaşçylyk eden Mohammad Idris.


30.09.2023 17:54
15k+

Türkmenistan Moskwa formatynyň çäklerinde Owganystan boýunça geňeşmelere gatnaşdy

Türkmenistanyň Russiýadaky diplomatik wekilleri Tatarstanyň paýtagty Kazanda geçirilen Owganystan boýunça Moskwa formatynyň 5-nji mejlisine gatnaşdy. Bu barada Russiýanyň HBS-ine salgylanyp, Orient habar berýär...

29.05.2023 16:23
10k+

Owganystan Türkmenistanda söwda attaşesini belledi

Owganystanyň Senagat we söwda ministrligi Mohammad Harun Saýedini Owganystanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň söwda attaşesi wezipesine belledi. Bu barada Khaama Press habarlar agentligi owgan ministrligine salgylanyp...

17.05.2023 18:56
47k+

Al Jazeera: «Taliban» hereketiniň wagtlaýyn hökümetiniň başlygy saglyk ýagdaýy sebäpli işinden aýrylýar

«Taliban» hereketiniň esaslandyran Owganystanyň wagtlaýyn hökümetiniň premýer-ministri Muhammet Hasan Ahund saglyk ýagdaýy sebäpli wezipesinden boşadylmagyny haýyş etdi. Bu barada sişenbe güni Al Jazeera teleýaýlymy...

17.05.2023 08:37
35k+

Ynsanperwer kömek hökmünde Owganystanda 3 sany türkmen lukmany işläp başlady

3 sany türkmen lukmanlary owgan zenanlaryna hem-de çagalaryna bejeriş we maslahat beriş ýardamlaryny bermek üçin Owganystanyň Hyrat welaýatynyň Turgundy şäherçesindäki 20 orunlyk çaga dogrulýan öýüne geldiler....