Werstappen Niderlandlaryň Gran-prisinde ýeňiji boldy

  • 06.09.2021 08:52
  • 7.4k+

“Red Bulluň” niderlandiýaly sürüjisi Maks Werstappen “Formula-1” ulag klasyndaky awtoýaryşlar boýunça dünýä çempionatynyň 13-nji tapgyry bolan Niderlandlaryň Gran-prisinde ýeňiji boldy. Ýaryş Zandwortdaky awtodromda geçirildi.

Ikinji orny “Mersedesden” häzirki dünýä çempiony britaniýaly Lýuis Hemilton, üçünji orny onuň topardaşy finlýandiýaly Waltteri Bottas eýeledi.
Bu tapgyra koronawirus bilen keselländigi üçin “Alfa Romeodan” finlýandiýaly Kimi Raýkkonen gatnaşyp bilmedi, dynç günleriniň dowamynda onuň ornuny ýaryşda 15-nji bolup gelen polşaly Robert Kubisa çalşyrdy.
Ýeňiji bolmak bilen Werstappen 224,5 bal gazanyp, umumy sanawda Hemiltondan öňe geçip, birinji orna çykdy. Hemiltonyň hasabynda 221,5 bal, üçünji orny eýeleýän Bottasda 123 bal bar. Konstruktorlaryň kubogynda “Mersedes” öňde barýar (310,5), onuň yzyndan “Red Bull” (303,5) we “Maklaren” (169) gelýär.
Niderlandlaryň Gran-prisi 1985-nji ýyldan bäri ilkinji gezek geçirildi. Çempionatyň indiki tapgyry 10 – 12-nji sentýabrda Italiýanyň “Monsa” awtodromynda geçiriler.


düýn 07:51
3.6k+

19 ýaşly Antonelli Monakonyň Gran-prisinden ýeňiş gazandy: bu onuň yzly-yzyna bäşinji ýeňşi

«Mercedes» toparyndan çempionatyň lideri Andrea Kimi Antonelli 2026-njy ýylyň Formula-1 möwsüminiň altynjy tapgyry bolan Monakonyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryş 7-nji iýunda Monte-Karlo şäheriniň......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

05.05.2026 15:03
4.4k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....

04.05.2026 14:40
2k+

Antonelli yzygider üçünji gezek «Formula-1-iň» Gran-pri tapgyrynda ýeňiş gazandy

«Mercedes» toparynyň sürüjisi Andrea Kimi Antonelli Maýaminiň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy — bu onuň «Formula-1-iň» häzirki möwsüminde yzygider üçünji ýeňşidir....