Braziliýa-Argentina futbol duşuşygy polisiýa tarapyndan togtadyldy

  • 06.09.2021 08:08
  • 21k+

Futbol boýunça Dünýä çempionaty – 2022-niň saýlama tapgyrynyň çäginde Braziliýanyň we Argentinanyň arasyndaky duşuşyk ýedinji minutda togtadyldy. Braziliýanyň polisiýa we migrasiýa gulluklarynyň işgärleriniň meýdançanyň özünde Argentinanyň dört sany futbolçysyny tussag etmäge synanyşygyndan soň, argentinalylar doly düzümi bilen meýdançadan çykdylar.

Gürrüň Emiliano Martines, Emiliano Buendi, Lo Çelso we Kristian Romero hakynda barýar.

Bu oýunçylaryň dördüsi hem Angliýanyň Premýer-ligasynda çykyş edýär. Epidemiologik düzgünlere laýyklykda bolsa, Braziliýa gelýän şahslar, eger-de ýurda gelmezden iki hepde öň Beýik Britaniýa baran bolsalar, onda 14 günlük karantinde galmaly eken.

Habar beriş serişdeleriniň  maglumatlaryna görä, oýunçylar migrasiýa gullugynyň işgärlerine Angliýa barmandyklary barada galp maglumatlary beripdirler. Şol bir wagtyň özünde, Martines we Buendi 28-nji awgustda «Aston Willanyň» düzüminde «Brentforda» garşy oýna çykdylar, Lo Çelso bolsa Romero bilen 29-njy awgustda «Uotforda» garşy oýunda «Tottenhemiň» ätiýaçdaky düzüminde oturdylar.

Ilkibaşda, polisiýa işgärleri argentinaly oýunçylary ýurtdan deport etmek üçin olaryň bolýan myhmanhanasyna bardylar, emma futbolçylar eýýäm futbol oýnuna giden ekenler.

Soňra Futbol boýunça Günorta Amerika konfederasiýasynyň metbugat-gullugy (KONMEBOL) sosial torlarda ýygyndylaryň arasynda duşuşygyň dowam etdirilmejekdigini yglan etdi. Duşuşygyň ykbalyny FIFA-nyň ýolbaşçylary çözer.


düýn 14:33
10k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
8.9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

24.06.2026 13:39
11k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......