Çärjewde täze elektrik stansiýasy, Serdar etrabynda bolsa Günden we ýelden energiýa öndürýän stansiýa gurulýar

  • 04.09.2021 07:32
  • 6.4k+

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna gabatlanyp, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda kuwwatlylygy 432 megawat bolan täze gazturbinaly elektrik stansiýasy açylyp ulanylmaga berler. Şeýle hem Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda sanly tehnologiýalar arkaly dolandyryljak, Günden we ýelden energiýa öndürýän stansiýanyň gurluşygy alnyp barylýar. Bular barada 1-nji sentýabrda talyplardyr mekdep okuwçylarynyň gatnaşmagynda Maslahat köşgünde geçiren umumy sapagynyň dowamynda türkmen Lideri habar berdi.

Çykyşyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti energetika senagatynyň türkmen ykdysadyýetiniň möhüm pudaklarynyň biridigini aýdyp, soňky döwürde ýurdumyzda täze, kuwwatly elektrik stansiýalarynyň gurlup, ulanmaga berilýändigini, milli maksatnamalarymyza laýyklykda, müňlerçe kilometre uzaýan elektrik geçirijileriniň täzelenýändigini aýtdy. Bellenilişi ýaly, ata Watanymyz ýerasty tebigy serişdelere baý ýurtlaryň biri bolup, «mawy ýangyjyň» gory boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýär. Pudagyň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegi, sanly tehnologiýalaryň, şol sanda 3D modelirleme usullarynyň ulanylmagy nebit we gaz ýataklarynda gözleg işleriniň netijeli bolmagyny üpjün edýär.

Şeýle hem Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda we Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen hem-de uly isleg bildirilýän nebit önümleri dünýäniň onlarça ýurduna eksport edilýär. Asyryň iri taslamalarynyň biri bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy dowam edýär. Bu işleriň ählisi ata Watanymyzyň kuwwatly energetika döwleti hökmünde dünýädäki ornuny has-da berkidýär.

«Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti tarapyndan smart telewizorlar, awtomatik enjamlar, yşyklandyryş gurallarydyr LED çyralar, elektroenergiýany ölçeýän gurallar, «Agzybirlik tilsimaty» kärhanasy tarapyndan interaktiw paneller, elektron tor enjamlary, kompýuterler öndürilýär. Ýurdumyzda şeýle önümçilikleriň giňelýändigine, bu işde ýaşlaryň ornunyň artýandygyna guwanýarys — diýip, döwlet Baştutany çykyşynyň ahyrynda belledi.


düýn 18:37
1.1k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Tokiodaky “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara forumyna gatnaşdy

27–29-njy aprel aralygynda Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçirilen “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara innowasion forumyna Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň wekillerinden ybarat wekiliýet gatnaşdy.......

düýn 16:55
1.6k+

«Watan» kinokonsert merkezi Beýik Ýeňşi bilelikde bellemäge çagyrýar

9-njy maýda «Watan» kinokonsert merkezinde «Beýik Ýeňiş — kalplarda» («Великая Победа – в сердце каждого») atly konsert geçiriler....

düýn 16:17
2.4k+

Türkmen-hytaý işewürler forumy Hytaý bilen hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitledi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge bagyşlanan türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi....

düýn 11:14
1.8k+

Aşgabatda Türkmenistanyň we Seýşeller Respublikasynyň DIM-leriniň ýolbaşçylary duşuşdy

29-njy aprelde Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýurdumyza ilkinji resmi sapar bilen gelen Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministri Barri For bilen duşuşygy......