Kubada bitkoin ulanmaga resmi taýdan rugsat berildi

  • 03.09.2021 07:22
  • 4.9k+

Dünýäde bitkoini kanuny taýdan resmileşdirmek isleýän ýurtlaryň hatary barha uzaýar. Indi oňa Salwadordan soň ýene bir ýurt - Kuba hem goşuldy. Bu barada pcnews.ru habar berdi.

Euronews tarapyndan çap edilen maglumatlara görä, ýurduň merkezi banky adada harytlar we hyzmatlar üçin töleg tölemekde kriptografik walýutalary ulanmaga resmi taýdan rugsat berdi. Ýakyn wagtda edaranyň wekilleri sanly pullary dolandyrmagyň jikme-jik düzgünlerini hem kesgitlärler.

Kriptografik walýutalar baradaky kararnamanyň (rezolýusiýanyň) öňümizdäki aýda, has takygy, 15-nji sentýabrda hereket edip başlajakdygy habar berildi. Ol, öz gezeginde, wirtual aktiwleriň täjirçilik amallarynda ulanylmagyny düzgünleşdirmegi maksat edinýär diýip, çeşme belleýär.

Aýdylmagyna görä, Kubada bitkoini kanunlaşdyrmak kararyna ABŞ-nyň öňki Prezidenti Donald Trampyň syýasaty sebäpli  gelindi. Ol, hususan-da, dollary ulanmagy kynlaşdyrýan embargo düzgünlerini hasam berkidipdi.


23.05.2025 13:00
13k+

15 ýyl ozal 10 müň bitkoine iki pizza satyn alypdyrlar, şu gün bu mukdara 70 mln pizza düşýär

2010-njy ýylyň 22-nji maýynda amerikaly programmist Laslo Hanes taryhda ilkinji gezek bitkoini haryt satyn almak üçin ulanýar. Ol «Papa John’s-dan» iki pizza üçin 10 müň BTC töläpdi, şol wagt onuň gymmaty bary-ýogy 40 dollar töweregindedi...

26.02.2025 09:35
8.8k+

Hakerler bitkoini döredijileriň atlaryny anyklandygyny aýdýar: Koen we Sassemen

Näbelli hakerler topary bitkoini döredijileriň atlaryny bilmegiň başardandygyny nygtaýar. Hakerleriň pikiriçe, Satoşi Nakamoto adynyň aňyrsynda programmistler Brem Koen bilen Len Sassemen gizlenýär diýip, “Argumenty...

09.01.2025 14:15
3.7k+

Ethereum-yň esaslandyryjysy haýyr-sahawata 1 mln dollarlyk memkoin bagyş etdi

Ethereum-yň esaslandyryjylarynyň biri Witalik Buterin haýyr-sahawat maksatlary bilen köp mukdarda mem tokenlerden dynmagyny dowam etdirýär. Kriptomilliarder, takmynan, 984 000 dollar mukdarda memkoinleriň uly tapgyryny...

22.12.2024 13:23
4.7k+

Lýuks brendler kriptowalýuta töleglerini kabul edip başladylar

Ýakynda bitkoiniň bahasynyň ep-esli ýokarlanmagyndan soň, lýuks brendler kriptowalýuta arkaly tölegleri girizip başladylar diýip, Reuters habar berýär. Mysal üçin, Fransiýanyň uniwermaglar ulgamy Printemps öz dükanlarynda...