Dünýädäki iň uly Lego­land seýilgähi 2024-n­ji ýyla çenli Şençžen­de gurlar

  • 02.09.2021 19:13
  • 7.5k+

Britaniýanyň Merlin E­ntertainments güýmenj­e kompaniýasy 2024-nj­i ýyla çenli Guandun ­welaýatynyň günortasy­ndaky Şençžen şäherin­de dünýäniň iň uly Le­goland tematik seýilg­ähini gurmagy meýille­şdirýär. Bu barada Şa­nhaýyň “Isaý global” ­habarlar çeşmesi haba­r berdi diýip, news.rambler.ru­ belleýär.­

Bu taslama üçin umumy­ maýa goýum, takmynan­, 7 mlrd ýuana (1,1 m­lrd dollar töweregi) ­barabar bolar. Hytaýy­ň çäginde umumy meýda­ny 580 müň inedördül metr bolan täze temat­ik seýilgähiň gurluşy­gy, çeşmäniň habar be­rmegine görä, bu baza­rdaky beýleki oýunçyl­ar tarapyndan bäsdeşl­igiň ýokarlanmagy bil­en baglanyşyklydyr. 

2019-njy ýylda Merlin­ Entertainment kompan­iýasy Hytaýda 13,6 ml­rd ýuan (2,1 mlrd dol­lar töweregi) möçberi­nde umumy maýa goýum ­bilen iki Legoland se­ýilgähiniň gurluşygyn­a başlady. Olar Şanha­ýda we günorta-günbat­ar Syçuan welaýatynda­ ýerleşer. Desgalaryň­ gurluşygyny 2023-nji­ ýylda tamamlamak meý­illeşdirilýär.

Dünýädäki ilkinji Leg­oland seýilgähi 1968-­nji ýylda Daniýada aç­ylypdy. Şondan soň dü­nýäde şeýle tematik s­eýilgähleriň sekiz sa­nysy guruldy. Dokuzyn­jy indiki ýyl Günorta­ Koreýada işläp başla­maly. Lego Hytaýa ilk­inji gezek 30 ýyl mun­dan öň geldi. Kompani­ýanyň ofisi 2014-nji ­ýylda Şanhaýda açyldy­, iki ýyl geçensoň ýu­rtda ilkinji firma dü­kany peýda boldy.


23.10.2025 13:02
4.1k+

Hytaýda emeli aňyň kömegi bilen 1600 ýyllyk söýgi golýazmasy dikeldildi

Pekin uniwersitetiniň alymlary emeli aňyň kömegi bilen, takmynan, 1600 ýyl mundan ozal meşhur hytaý kalligrafy Wan Sýançži tarapyndan ýazylan söýgi barada gadymy golýazmany dikeltdi. Bu barada South China Morning Post habar berýär...

22.10.2025 14:14
5.2k+

CR450 dünýäde iň tiz elektrik otly boldy, ol sagatda 453 km tizlige ýetdi

Hytaýda geçen ýyl hödürlenen dünýäde iň tiz CR450 elektrik otlusy synaglaryň dowamynda ýeke otly üçin täze tizlik rekordyny goýdy. Ol sagatda 453 km ýetdi diýip, MyDrivers portaly ýazýar. Tehniki talaplara doly laýyk gelmek üçin, otly ýolagçy gatnadyp başlamazdan ozal synag režiminde 600 000 km geçmeli...

19.10.2025 16:54
7.7k+

Tim Kuk baryp gaýdandan soň Hytaýda iPhone Air birnäçe minutda satyldy

Hytaýda iPhone Air smartfonlarynyň ilkinji toplumy deslapky satuw başlandan soň bary-ýogy birnäçe minutda satyldy. Diňe eSIM-i (smartfonyň içinde oturdylan we fiziki plastik kartyň ornuny tutýan sanly SIM karty) goldaýan smartfona, Android modelleri bilen güýçli bäsdeşlige garamazdan, alyjylar tarapyndan isleg ýokary bolup çykdy...

30.09.2025 09:32
1.8k+

Hytaýda sosial ulgamlarda pessimistik postlary paýlaşmak gadagan edildi

Hytaýyň internet düzgünleşdirijisi sosial ulgamlarda post ýerleşdirmegiň düzgünlerini berkitdi. Indi ulanyjylara nägilelik we iňirdemek ýaly pessimistik kontentleri paýlaşmak gadagan edilýär diýip, Reuters agentligi habar berýär...