Grenlandiýada iň demirgazyk ada ýüze çykaryldy

  • 03.09.2021 07:15
  • 6.6k+

Kopengagen uniwersitetiniň alymlar topary Grenlandiýa ekspedisiýa wagtynda gury ýeriň iň demirgazyk nokady bolan ozal näbelli adany tapdy. Bu barada Reuters agentligine salgylanyp, TASS habar berýär.

“Biziň täze adany açmak wezipämiz ýokdy. Biz nusga ýygnamak maksady bilen ekspedisiýada bolduk” – diýip, ekspedisiýanyň agzasy Morten Raş aýdýar. Alymlaryň aýtmagyna görä, topar ilki 1978-nji ýylda Daniýanyň gözleg topary tarapyndan açylan Oodaak adasyna gelendigine ynanypdy, ýöne anyk ýer barlanandan soň gözlegçileriň demirgazyk-günbatara tarap 780 metrlikde ýerleşýändigi belli boldy.

Alymlar adany “Kekertak Awannarleg” diýip atlandyrmagy teklip etdiler, bu terjime edilende “iň demirgazyk ada” diýmegi aňladýar. Ekspedisiýanyň dowamynda adanyň buzlaryň hereketi netijesinde emele gelendigini, onuň giňliginiň 30 metre ýetýändigini, iň ýokary nokadynyň bolsa deňiz derejesinden 3 metr beýiklikde ýerleşýändigini anyklamak başartdy.


düýn 23:19
691

Alymlar 13-nji maýda Günüň ýüzünde täze güýçli partlamanyň boljakdygyny duýdurýarlar

Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos gözlegleri institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasynyň hünärmenleriniň habar bermegine görä, Günüň ýüzündäki indiki güýçli partlama 13-nji maýda bolup geçer....

09.05.2026 07:34
1.2k+

64 döwlet Aýy özleşdirmek boýunça Artemis ylalaşygyna goşuldy

Aýy öwrenmek we özleşdirmek boýunça halkara başlangyç bolan «Artemis» taslamasyna goşulan ýurtlaryň sany 64-e ýetdi....

07.05.2026 07:16
1.4k+

NASA Artemis II missiýasynda düşürilen 12 müňden gowrak surata elýeterlilik açdy

NASA Aýyň daşyndan aýlanmak boýunça amala aşyrylan «Artemis II» missiýasy wagtynda düşürilen suratlaryň doly arhiwini çap etdi....

28.04.2026 23:04
2k+

Hytaýyň Yutu-2 roweri Aýdaky iň uzak ömürli apparat boldy

Hytaýyň Yutu-2 roweri Aýyň üstündäki iň uzak ömürli apparat boldy. Hasaplamalara görä üç aý hyzmat etmeli rower ýedi ýyldan gowrak wagt bäri Aýyň beýleki tarapyny söküp ýör....