Lebabyň Saýat etrabynda 2 sany täze mekdep ulanylmaga berildi

  • 02.09.2021 07:49
  • 5.5k+
Lebabyň Saýat etrabynda 2 sany täze mekdep ulanylmaga berildi

1-nji sentýabrda bellenilen Bilimler we talyp ýaşlar gününde Saýat etrabynyň Çowdur we Lebaby geňeşliklerinde gurlan döwrebap mekdepleriň 2-si Lebap welaýatynyň umumybilim berýän edaralarynyň üstüni ýetirdi. Şolaryň her biri 600 okuwça niýetlenendir.

Täze mekdepleriň açylmagy ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna ajaýyp sowgat boldy. Mekdeplerde giň we ýagty synp otaglary, lingafon hem-de ders otaglary, sport we maslahat zallary, naharhanalar, saglygy goraýyş bölümleri ýerleşdirildi.

Döwrebap kompýuterler hem-de beýleki zerur enjamlar, innowasion tehnologiýalar fizika, himiýa, matematika we beýleki dersler boýunça okuw işlerini netijeli alyp barmaga mümkinçilik berýär. Mekdepleriň her birinde kitaphanalar hem-de okuwçylaryň döredijilik zehinlerini özleşdirmekleri üçin niýetlenen saz otaglary bar. Oglanlardyr gyzlar zähmet sapagy üçin, degişli enjamlar bilen üpjün edilen synp otaglarynda bilim alarlar. Täze mekdepleriň abadanlaşdyrylan çäklerinde futbol, woleýbol we basketbol meýdançalaryny, ylgaw ýodalaryny öz içine alýan sport şäherjikleri bar.

Dabaranyň şanyna bu ýerde, ýurdumyzyň ähli mekdeplerinde bolşy ýaly, Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan 1-nji synplaryň okuwçylaryna “Bilimli” kompýuterleri gowşuryldy.


13.09.2024 11:31
5.7k+

Türkmenabatda Bilim ministrliginiň Innowasiýalar-maglumat merkeziniň şahamçasy açyldy

9-njy sentýabrda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 32-nji orta mekdebinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýalar-maglumat merkeziniň şahamçasy açyldy. Bu barada "Türkmenistan:...

21.08.2024 11:13
5.4k+

Lebap welaýatynyň täze okuw ýylyna taýýarlygy: sanlar we maglumatlar

Lebap welaýaty kabul edilen döwlet maksatnamalarynyň çäklerinde täze okuw ýylyna taýýarlyk işlerini üstünlikli durmuşa geçirýär. "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri welaýat boýunça täze okuw ýylyna taýýarlygyň...

09.08.2024 11:27
4k+

Dalaşgär - 2024: Lebap welaýat Maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi haýsy hünärleri hödürleýär?

Lebap welaýat Maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi 2024/2025-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär: Buhgalterçilik hasaba alnyşy; Maliýe we karz; Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş...

08.08.2024 21:13
5.5k+

Dalaşgär – 2024: Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebi okuwa çagyrýar

“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebi 2024/2025-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär: Energiýa hojalygy we elektrik üpjünçiligi...