27-nji sentýabrda geçiriljek harby ýörişe taýýarlyk boýunça iş maslahaty

  • 01.09.2021 11:47
  • 8.1k+

31-nji awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow goranmak ministri B.Gündogdyýew bilen iş maslahatyny geçirdi. Onuň barşynda ýurdumyzyň harby düzümleriniň öňünde durýan möhüm wezipeler hem-de döwlet Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli harby ýörişi guramaçylykly geçirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Goranmak ministri B.Gündogdyýew ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde işleriň ýagdaýy hem-de ýurdumyzyň goranyş ukybynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna, harby gullukçylaryň gullugy we amatly ýaşaýşy üçin zerur şertleriň döredilmegine gönükdirilen harby özgertmeler barada hasabat berdi.

 Şeýle hem ministr Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramyna görülýän taýýarlyk işleri barada giňişleýin hasabat berip, şanly sene mynasybetli geçirilýän dabaraly harby ýörişiň meýilnamasyny türkmen Liderine hödürledi.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli guraljak baýramçylyk çäreleri, şol sanda harby ýöriş ýurdumyzyň we halkymyzyň durmuşynda ägirt uly ähmiýetli wakalardyr, şonuň üçin hem olary geçirmegiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek şu günki günüň möhüm talaby bolup durýar. Döwlet Baştutany dabaraly harby ýörişi geçirmegiň hödürlenen meýilnamasyny makullap, ondan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek babatda anyk tabşyryklary berdi.


düýn 17:48
4.6k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

düýn 12:12
2.7k+

Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2030-njy ýyla çenli Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda alnyp barylýan işlere erkekleriň we aýallaryň deň derejede gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen döwlet Baştutany Karara......

07.06.2026 10:07
3k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......

06.06.2026 14:40
2.4k+

Aşgabatda konsertler we sergi bilen Azerbaýjanyň medeniýet günleri geçirilýär

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy....