Braziliýadaky täze Budda heýkeli beýikligi boýunça dünýäde ikinji boldy

  • 01.09.2021 12:35
  • 7.4k+

Braziliýanyň Espiritu-Santo ştatynyň demirgazygyndaky Ibirasu buddizm monastyrynda gurnalan ägirt uly Budda heýkeli ululygy boýunça Hytaýyň Leşan şäher okrugyndaky Buddadan soň dünýäde ikinji boldy. Bu barada Remonews portaly habar berýär diýip, iz.ru belleýär.

Metaldan we betondan bolan gurluşyň agramy 350 tonna bolup, beýikligi 35 metre ýetýär. Ony islendik wagt mugt baryp görmek bolýar. Bu heýkel beýikligi münbersiz 30 metr bolan Rio-de-Žaneýrodaky Hristos-Halasgäriň heýkelinden hem uludyr. 2020-nji ýylyň dekabr aýynda heýkel buddizmiň esaslaryna laýyklykda ruhy çokundyrmaklygy kabul etdi. Bu dabara “gözleri açmak” diýlip atlandyrylýar we ýadygärlige “jan” berýär.

BR-101 kenaryndaky heýkel heniz resmi açylyşyndan öň ştatyň syýahatçylyk merkezine öwrülmek bilen, şosseden geçýänleriň ünsüni özüne çekýär. Monastyryň maglumatlaryna görä, dynç günleri ýadygärlik 4000-e golaý adamy kabul edýär.

Heýkeliň üstündäki işler 2020-nji ýylda tamamlandy, onuň açylyşy şol ýylyň iýun aýyna meýilleşdirildi. Ýöne işleriň gijikdirilmegi we pandemiýa sebäpli monastyr çäräni 2021-nji ýylyň aprel aýyna süýşürmek kararyna geldi. Möhlet ikinji gezek yza süýşürilenden soň, onuň açylyşy şenbe güni geçirildi.

Belläp geçsek, häzirki wagtda Braziliýada uly göwrümli birnäçe heýkel bar. Mysal üçin, 2014-nji ýylda Braziliýanyň demirgazyk-gündogarynda Fatima Bogorodisasynyň 45 metrlik heýkeli açyldy, 2010-njy ýylda bolsa Riu-Grandi-du-Norte ştatynda beýikligi 56 metr bolan Keramatly Rita Kaşiýskaýanyň heýkeli oturdyldy. Ýurtda iň uly ýadygärlik ABŞ-nyň Azatlyk heýkeliniň nusgasydyr. Ol Barra-Welýa şäherinde Havan gipermarketiniň duralgasynda oturdyldy.


07.05.2025 13:42
11k+

Braziliýada «Colgate» diş pastasynyň satuwy ýene gadagan edildi

Braziliýanyň Milli saglygy goraýyş gözegçilik edarasy ýurtda «Colgate Total Clean Mint» diş pastasynyň satuwyny täzeden gadagan etdi. 2025-nji ýylyň başynda Braziliýadaky ulanyjylar sosial torlarda bu diş pastasy bilen baglanyşykly köpsanly nägilelikleri bildirip başladylar...

07.05.2025 12:35
5.1k+

Ledi Gaganyň Kopakabana kenaryndaky mugt konsertine 2 milliondan gowrak adam gatnaşdy

Amerikaly aýdymçy Ledi Gaganyň 3-nji maýda Braziliýanyň Rio-de-Žaneýro şäherindäki Kopakabana kenaryndaky mugt konsertine, takmynan, 2,1 million adam gatnaşdy. Bu barada ýerli häkimiýetleriň beren maglumatlaryna salgylanyp, «BBC» habar berýär...

02.03.2025 21:30
5.7k+

Braziliýada Günorta Amerikada doglan ilkinji ak aýyjyk görkezildi

San-Paulu okeanariumy Latyn Amerikada doglan ilkinji ak aýyny görkezdi. Bu barada merkeziň Instagram sosial torundaky resmi hasabynda habar berildi. Bellenmegine görä, ak aýynyň ene-atasy Kazan haýwanat bagyndan...

24.02.2025 14:27
7k+

Ledi Gaga Rio-de-Žaneýronyň Kopakabana kenarynda mugt konsert berer

Ledi Gaga Rio-de-Žaneýrodaky Kopakabana kenarynda mugt konsert gurnar. Bu barada aýdymçy sosial ulgamlarda habar berip, Braziliýada çykyş etmek çakylygyny “uly hormat” diýip atlandyrdy. Konsert 3-nji maýda geçiriler...