«Taliban» Türkmenistanyň Kabuldaky ilçihanasynyň ýanynda adamlaryň tussag edilendigi baradaky habary ret etdi

  • 30.08.2021 17:06
  • 54k+

«Taliban» hereketiniň wekili Zabiulla Mujahid Türkmenistanyň Owganystandaky ilçihanasynyň binasynyň golaýynda adamlaryň tussag edilendigi baradaky maglumaty ret etdi.

Birnäçe gün mundan öň, daşary ýurtlaryň birnäçe habar beriş serişdelerinde Türkmenistanyň Kabuldaky ilçihanasynyň binasynyň golaýynda partlaýjy enjamlar ýüze çykarylan daşary ýurt raýatlarynyň tussag edilendigi barada howaýy maglumat peýda boldy.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Owganystanyň paýtagtyndaky ilçihanasy bu babatda haýsydyr bir maglumatyň ýokdugyny habar beripdi.

Bu gün bolsa Mujahid sosial ulgamlarda «bu maglumatyň hakykata laýyk gelmeýändigini we hiç hili hadysanyň bolmandygyny aýtdy. Türkmenistanyň ilçihanasyna hiç zat howp salmaýar».


05.01.2026 11:44
8.6k+

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Şweýsariýada bolan pajygaly ýangyn zerarly gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Şweýsariýanyň Krans-Montana dag-lyža dynç alyş merkezinde bolup geçen pajygaly ýangyn zerarly gynanç bildirdi. «Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Kran-Montana dag-lyža...

03.12.2025 10:07
11k+

Serdar Berdimuhamedow Şri-Lankanyň Prezidentine tebigy betbagtçylyk zerarly gynanç bildirdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti Anura Kumara Dissanaýakä ýurtda güýçli ýagyşlar sebäpli emele gelen suw joşgunlarynyň köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de weýrançylyklara getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi...

02.12.2025 11:39
13k+

Türkmenistanyň Prezidenti suw joşgunlaryndan ejir çeken tailandyň halkyna medet beriji sözlerini beýan etdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Tailandyň Patyşasy Maha Wajiralongkorna ýurtda güýçli ýagyşlar sebäpli emele gelen suw joşgunlarynyň köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de weýrançylyklara getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi...

06.09.2025 10:07
15k+

Serdar Berdimuhamedow Lissabonda bolup geçen pajygaly waka zerarly gynanç bildirdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Portugaliýa Respublikasynyň Prezidenti Marselo Rebelo de Souza ýurduň Lissabon şäherinde bolup geçen, adam pidalaryna we şikes ýetmelere getiren pajygaly waka zerarly gynanç hatyny iberdi...