Daniýa 10-njy sentýabrdan koronawirus sebäpli girizilen çäklendirmeleri ýatyrar

  • 29.08.2021 02:34
  • 12k+

Daniýanyň hökümeti mundan beýläk koronawirusa “jemgyýet üçin aýratyn howp” hökmünde garamaz we şol sebäpli öň girizilen çäklendirmeleri aýyrmagy meýilleşdirýär diýlip, ýurduň Saglygy goraýyş ministrliginiň saýtynda aýdylýar. Edaranyň maglumatlaryna görä, ilatyň 80%-den gowragy koronawirusa garşy doly sanjym aldy. Soňky bir günde ýurtda 925 täze kesel hadysasy ýüze çykaryldy, pandemiýa döwründe 342 474 kesel hadysasy hasaba alyndy.

“Epidemiýa gözegçilik astynda saklanýar, bizde sanjym rekord derejede ýokary. Şonuň üçin 10-njy sentýabrda biz COVID-19-a garşy göreşmek üçin girizilen käbir düzgünlerden ýüz öwrüp bileris” – diýlip, Daniýanyň Saglygy goraýyş ministri Magnus Heunikeniň beýanatynda aýdylýar. Bu barada kommersant.ru belleýär.

Aýratynam, 10-njy sentýabrdan gijeki klublara barmak üçin hökmany bolan “sanitariýa ygtyýarnamasy” ýatyrylar, ol restoranlarda, sport zallarynda we dellekhanalarda hem talap edilmez.

Şol bir wagtyň özünde jenap Heunike Daniýanyň heniz epidemiýadan çykmandygyny belledi we ýagdaý ýaramazlaşan halatynda çäklendirmeleriň ýene-de girizilip bilinjekdigini sözüniň üstüne goşdy. 


18.05.2026 14:53
11k+

Baltika deňzinde halas edilen läheň Timmi Daniýanyň kenarlarynda öli tapyldy

Belli örküçli läheň Timminiň (Houp hem diýilýär) läşi Daniýanyň Anholt adasynyň kenarynda tapyldy diýip, «Der Spiegel» neşiri Daniýanyň Daşky gurşawy goramak agentligine salgylanyp habar berýär....

17.05.2026 10:36
5.1k+

Daniýada gaýtadan işlenen materiallar ulanylyp, ýurduň iň beýik agaç binasy guruldy  

Daniýanyň Orhus şäherinde 78 metrlik TRÆ diňiniň gurluşygy tamamlandy. Ol Daniýanyň iň beýik agaç desgasy we dünýäde iň beýik binalaryň biridir....

22.03.2026 16:24
8.8k+

Bagtsyzlykdan bihabar ýurt: Finlýandiýa iň bagtlylaryň sanawynda ýene birinji

BMG-niň başlangyjy bilen Oksford uniwersitetiniň Abadançylyk gözleg merkezi we «Gallup» instituty bilen hyzmatdaşlykda taýýarlanan «World Happiness Report» hasabaty, dünýäde iň bagtly ýurtlaryň sanawy hödürlendi...

06.01.2026 14:41
9.1k+

Daniýanyň kenarynda orta asyrlara degişli iň uly söwda gämisi tapyldy

Kopengageniň golaýynda takmynan 600 ýyl ozal gark bolan gämi tapyldy. Deňiz arheologlarynyň pikiriçe, bu häzirki güne çenli tapylan iň uly klinker (tagtalary üst-üste goýlan) gurluşly gämidir. "Svælget 2" diýlip atlandyrylýan bu gämi Eresunn bogazynda, 13 metr çuňlukda ýüze çykaryldy...