«Forsaž 9» pandemiýa döwründe Golliwudyň iň girdejili filmi boldy

  • 29.08.2021 02:35
  • 9.1k+
«Forsaž 9» pandemiýa döwründe Golliwudyň iň girdejili filmi boldy

“Forsažyň” dokuzynjy bölümi pandemiýa döwründe tutuş dünýäde iň uly kassa ýygymyny gazandy. Bu film 700 million dollardan geçen ýeke-täk film boldy. Kassa ýygymy boýunça bu görkezijiden geçmegi başaran mundan öňki amerikan filmi Dueýn Jonson bilen “Jumanji: Täze dereje” bolupdy. 2019-njy ýylyň dekabr aýynda, koronawirus pandemiýasyndan öň çykan bu film 800 million dollar gazandy. 

Universal studiýasy çarşenbe güni “Forsaž 9” filminiň dünýä ýygymynyň 700 million dollardan geçendigini aýtdy. Kartina relizden soň dört hepdäniň dowamynda tutuş dünýäde kassa ýygymy boýunça öňdeligi eýeledi. Bu barada info.sibnet.ru habar berýär.

Bu mukdaryň tas üçden bir bölegini hytaýly tomaşaçylar getirdi. Ol ýerde film 200 milliondan gowrak girdeji gazandy. Soňky bäş ýylda bu diňe bäş kartina başardypdy, olaryň arasynda “Forsaž 8” we “Hobbs we Şou” bar. Ýene 173 milliony ýerli prokat getirdi. Galan ýerlerde film 528 mln gazandy.

Franşizanyň umumy girdejisi tas 6,59 mlrd dollara barabar.

2020-nji ýylda başlanan pandemiýa döwründe uly relizler ýitgilere sezewar bolýar. Sebäbi belli bir wagtda kinoteatrlarda zaly doldurmak boýunça çäklendirmeler hereket edýärdi. Bularyň ählisi blokbasterleriň kassa ýygymyna täsir etdi. Uly premýeralaryň yza süýşürilmegi hem kömek etmedi, çünki izolýasiýadan soň tomaşaçylar onlaýn kinoteatrlardan köp peýdalanyp başladylar.


25.08.2021 17:15
2.8k+

Jeýms Bond hakyndaky filmiň Awstraliýadaky goýberilişi yza süýşürildi

«Universal» film studiýasy Jeýms Bond hakyndaky «Ölmegiň wagty däl» atly filmiň Awstraliýadaky goýberilişini yza süýşürdi. Bu barada kinonews.ru habar berdi. Ozal filmi 30-njy sentýabrda çykarmak meýilleşdirilipdi...

19.08.2021 16:20
8k+

«Forsaž-10» franşizasy kinoteatrlara 2023-nji ýylyň aprelinde çykarylar

«Forsaž 10» filmi kinoteatrlaryň prokatyna 2023-nji ýylyň aprelinde çykar. Franşizanyň täze bölüminiň surata düşürilişi 2022-nji ýylyň ýanwar aýynda başlar diýip, Entertainment Weekly ýazýar. Bu barada daily.afisha...

01.07.2021 13:36
10k+

“Forsaž 9” ABŞ-da pandemiýadan soňky prokat rekordyny täzeledi

“Forsaž” franşizasynyň dokuzynjy bölümi ilkinji dynç günleri amerikan prokatynda 70 mln dollar gazanyp, pandemiýanyň başlan döwründen bäri kassa ýygymy boýunça rekord goýdy. Bu barada style.rbc.ru habar berýär...

düýn 00:50
3.6k+

Rene Magrittanyň “Ýagtylyk imperiýasy” seriýasyndaky suraty rekord baha - 121,2 million dollara satyldy

Nýu-Ýorkdaky "Christie’s" auksionynda Belgiýanyň sýurrealist suratkeşi Rene Magrittanyň “Ýagtylyk imperiýasy” seriýasyndaky suraty 121,2 million dollara satyldy. Bu nyrh suratkeşiň eserleri üçin rekord baha boldy...