«Forsaž-10» franşizasy kinoteatrlara 2023-nji ýylyň aprelinde çykarylar

  • 19.08.2021 16:20
  • 8.3k+

«Forsaž 10» filmi kinoteatrlaryň prokatyna 2023-nji ýylyň aprelinde çykar. Franşizanyň täze bölüminiň surata düşürilişi 2022-nji ýylyň ýanwar aýynda başlar diýip, Entertainment Weekly ýazýar. Bu barada daily.afisha.ru habar berýär.

Täze bölüme "Forsaž" franşizasynyň ozal hem dört bölümini surata düşüren Jastin Lin režissýorlyk eder. Filmde Win Dizelden başga-da, Mişel Rodriges, Taýriz Gibson, Sun Kang, Ludakris we Jordana Brýuster dagylar öz öňki rollaryna gaýdyp gelerler.

Şeýle hem Jeýson Stethem hem öňki keşbine gaýdyp geler, bu barada filmiň öňki bölüminde hem ýaňzydylýar. Dueýn Jonson bolsa Win Dizel bilen bolan düşünişmezlikler sebäpli, “Forsažyň” onunjy bölüminde oýnamakdan ýüz öwürdi.

"Soňky iki bölümde olara üstünlik arzuw edýärin, ýöne “Forsažyň” galan bölümleri mensiz bolar” diýip, aktýoryň özi mälim etdi.

Özüniň 20 ýyllyk taryhynda franşiza “Universal” studiýasyna 5,7 milliard dollar girdeji getirip, studiýanyň taryhynda iň girdejili franşiza boldy. Ikinji orunda ýerleşýän "Ýura döwrüniň seýilgähi" filmleri bolsa 5 milliard dollardan sähelçe gowrak girdeji gazanmaga kömek edipdi.


29.08.2021 02:35
9.4k+

«Forsaž 9» pandemiýa döwründe Golliwudyň iň girdejili filmi boldy

“Forsažyň” dokuzynjy bölümi pandemiýa döwründe tutuş dünýäde iň uly kassa ýygymyny gazandy. Bu film 700 million dollardan geçen ýeke-täk film boldy. Kassa ýygymy boýunça bu görkezijiden geçmegi başaran mundan öňki...

01.07.2021 13:36
10k+

“Forsaž 9” ABŞ-da pandemiýadan soňky prokat rekordyny täzeledi

“Forsaž” franşizasynyň dokuzynjy bölümi ilkinji dynç günleri amerikan prokatynda 70 mln dollar gazanyp, pandemiýanyň başlan döwründen bäri kassa ýygymy boýunça rekord goýdy. Bu barada style.rbc.ru habar berýär...

13.11.2025 19:49
5.4k+

Aýdymçy Dua Lipa deriniň idegi üçin kosmetika toplumyny çykardy

Britaniýaly aýdymçy Dua Lipa özüniň Dua atly täze ideg kosmetika liniýasyny çykardy diýip, Hypebae portaly habar berýär. Bu kolleksiýa kosmetika brendi Augustinus Bader Science bilen hyzmatdaşlykda döredildi. Oňa üç sany serişde girýär: derini arassalaýjy krem — Balancing Cream Cleanser, deri öýjüklerini täzeleýji krem — Renewal Cream we derini ýalpyldadýan toplum — Supercharged Glow Complex...

11.11.2025 15:13
3.2k+

Pantone 2026-njy ýylyň ýaz–tomus möwsüminiň esasy reňk öwüşginlerini yglan etdi

Pantone reňk instituty 2026-njy ýylyň ýaz–tomus möwsüminiň moda ugurlary baradaky hasabatyny çap etdi. Bilermenleriň bellemegine görä, geljek möwsümiň esasy äheňi gülgüne we ýaşyl reňkleriniň utgaşmasy bolar. Bu iki reňk tebigatda hem-de häzirki zaman dizaýn giňişliginde tebigy görnüşde sazlaşýar...