«Universal» film studiýasy Jeýms Bond hakyndaky «Ölmegiň wagty däl» atly filmiň Awstraliýadaky goýberilişini yza süýşürdi. Bu barada kinonews.ru habar berdi.
Ozal filmi 30-njy sentýabrda çykarmak meýilleşdirilipdi. Indi bolsa awstraliýaly tomaşaçylar Jeýms Bond hakyndaky täze filme 2021-nji ýylyň 11-nji noýabryndan başlap tomaşa edip bilerler. Goýberilişiň yza süýşürilmegine koronawirus ýokançlygynyň sanynyň köpelmegi we ýurduň häkimiýetleri tarapyndan ulanylýan çäklendiriji çäreler sebäp boldy diýip, çeşme belleýär.
Bu bildiriş çap edilende Awstraliýa bazarynyň, takmynan, 60 göterimi ýapykdy we kärhanalar oktýabr aýynyň ahyryna çenli, ýagny hökümet tarapyndan sanjym derejesi kesgitlenýänçä açylmaz öýdülýärdi.
Belläp geçsek, käbir beýleki ýurtlarda, şol sanda Demirgazyk Amerikada "Ölmegiň wagty däl" filminiň prokatyna MGM studiýasy jogapkärdir. Şeýle hem filmiň goýberilmeginiň koronawirus pandemiýasy sebäpli ozal hem birnäçe gezek yza süýşürilendigini ýatladýarys.