Çärjew etrabynda täze gazturbina elektrik bekedi açylar

  • 28.08.2021 12:23
  • 7k+

Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda täze gazturbina elektrik bekedi açylmaga doly taýýar edildi. Bu barada Hökümetiň sanly ulgam arkaly mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow habar berdi.

Döwlet Baştutany türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň miwesi bolan bu elektrik bekediniň açylyş dabarasyny ýokary derejede guramaçylykly geçirmek barada degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi.

Şeýle hem wise-premýeriň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň hormatyna meýilleşdirilen çärelere taýýarlygyň çäklerinde Aşgabat şäheriniň häkimligi hem-de degişli gulluklar bilen bilelikde, paýtagtymyzyň çägini abadanlaşdyrmak, aýratyn-da, baýramçylyk çäreleriniň geçiriljek ýerlerini döwrebaplaşdyrmak, şeýle hem ulag ýollarynyň ýagdaýyny gowulandyrmak, ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki binalaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak, elektrik ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak, degişli tertip-düzgüni we arassaçylyk kadalaryny saklamak işleri alnyp barylýar.

Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ulag ýollarynyň we Aşgabadyň köçeleriniň ulanyş ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekip hem-de bu babatda birnäçe tankydy belliklerini aýdyp, ýurdumyzyň asfalt kärhanalarynyň önümçilik mümkinçiliklerini herekete girizmegiň, olary doly güýjünde işletmegiň we ýol gurluşygyna degişli tehnikalary abatlamagyň wajypdygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere degişli düzümi döretmek babatda teklipleri tizden-tiz taýýarlamak tabşyryldy.


13.03.2026 23:32
5.7k+

Türkmenistan «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrýar

Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak boýunça çäreler hakyndaky Karara gol çekdi...

17.01.2026 08:47
5.1k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...

14.01.2026 11:30
3.8k+

Hazarly känindäki täze guýudan kuwwatly gaz akymy alyndy

Lebap welaýatyndaky Hazarly käninde ýerleşýän täze guýudan tebigy gazyň kuwwatly akymy alyndy diýip, "Nebit-Gaz" gazeti habar berýär. Bu netije "Türkmengeologiýa" döwlet korporasiýasynyň "Marynebitgazgözleg" ekspedisiýasy tarapyndan burawlanan "Hazarly-3" guýusyna degişlidir...

27.12.2025 13:07
11k+

2026-njy ýylyň başynda «Galkynyş» känini özleşdirmegiň dördünji tapgyry başlanar

2026-njy ýylyň başynda Hytaýyň CNPC nebitgaz korporasiýasy Türkmenistandaky ägirt uly «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyryny amala aşyrmaga girişer. Bu barada "Nebit-Gaz" elektron neşiri habar berýär...