Hytaýyň parlamenti maşgalalara üç çaga çenli dogurmaga rugsat berdi

  • 25.08.2021 08:40
  • 7.7k+

Hytaýyň Milli halk kongresiniň (parlament) hemişelik komiteti Ilat we önelgelilik meýilnamalaşdyryş kanunyna üýtgetmeleri girizdi. Oňa laýyklykda, hytaýly maşgalalara üç çaga çenli dogurmaga kanuny taýdan rugsat berildi. Bu barada Sinhua habar gullugyna salgylanyp, TASS habar berdi.

Habar berilmegine görä, kanunyň täze redaksiýasy döwletiň ýaşlykdan nikalaşmagy we çaga dogurmagy wagyz etjekdigini görkezýär. Mundan başga-da, ýurduň häkimiýetleri çagasy bolan ýaş maşgalalar üçin maliýe, salgyt, ätiýaçlandyryş, bilim we ýaşaýyş jaý ýeňilliklerini girizmegi, şeýle hem ene-atanyň ýaş nesliň dünýä inmegi hem-de terbiýesi üçin çykdajylaryny, bilim hyzmatlaryny azaltmagy maksat edinýärler. Şeýle hem, döwlet ýerli häkimiýetleri we iş berijileri ýaş çaga terbiýeleýän işgärlere goşmaça rugsat bermäge höweslendirer.

Belläp geçsek, Hytaý Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosy maşgalalara üç çaga dogurmaga rugsat bermek kararyna şu ýylyň maý aýynda geldi. Iýul aýynda bolsa Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşi degişli jerimeleri ýatyrdy we ýaş maşgalalara amatly ýaşaýyş jaýyny bermek hem-de 3 ýaşa çenli çagalara goldaw bermek üçin salgydy aýyrmak meselesine garamak meýilnamasyny yglan etdi.


11.06.2026 14:01
7.8k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

10.06.2026 08:04
9.7k+

Hytaýly raýat 32 gaty bolan binanyň 34-nji gatyndan öý satyn aldy

Hytaýyň Şensi welaýatynyň ýaşaýjysy ahyrynda binada bary-ýogy 32 gatyň bardygy belli bolandan soň, gurulýan binanyň 34-nji gatyndan satyn alan öýi üçin tölän serişdelerini kazyýet arkaly yzyna almaly boldy....

04.06.2026 18:42
5.6k+

Haýnan şäherinde äpet tüweleý şekilindäki Ylym muzeýi açyldy

Hytaýyň Haýnan adasyndaky Haýkou şäherinde 46 528 inedördül metrlik medeni we bilim merkezi bolan Haýnan Ylym muzeýiniň gurluşygy tamamlandy. Ol Uýuan derýasynyň Milli suwluk-batgalyk seýilgähiniň gyrasynda......

28.05.2026 21:19
4.2k+

ÝB howply oýunjaklary sebäpli Temu internet dükanyna 200 million ýewro jerime saldy

Ýewropa Komissiýasy Hytaýyň meşhur Temu internet dükanyna 200 million ýewro uly jerime saldy. Muňa marketpleýs üsti bilen bäbekler üçin howply oýunjaklaryň we döwük-ýenjik zarýad berijileriň satylmagy sebäp......