Bagtly bolmagy üçin adama näçeräk puluň gerekdigi anyklanyldy

  • 25.08.2021 08:37
  • 24k+

Science Focus-yň habarçysy Helen Rassel adamyň bagtylygynyň onuň maliýe ýagdaýy bilen nähili baglanyşýandygyny anyklady. Bu barada pcnews.ru habar berdi.

2020-nji ýylda Angliýada geçirilen barlaglara görä, özüni bagtly duýmagy üçin Angliýanyň ortatap ýaşaýjysyna 33,864 funt ýa-da ondanam köp pul gerek bolýan eken. Şu ýyl neşir edilen barlaglaryň netijesine görä bolsa, adamlaryň näçe köp pul gazansa, şonça-da bagtlydygy anyklanyldy.

Awtoryň pikiriçe, baý adamlar has sagdyn bolýarlar. Sebäbi saglyk gönüden-göni bagtlylyk bilen baglanyşykly diýip, hünärmen belleýär. Elbetde, adamyň özüni bagtly duýmagyna onuň işi we gatnaşyklary hem täsir edip bilýär. Emma pul köp ugurlarda has köp mümkinçilikleri açýar.

Mundan başga-da, adamyň bagtlylyk derejesine onuň beýlekilere garanyňda näderejede gowy ýaşaýandygy hem täsir edýär. Şeýlelik bilen, töweregimizdäkilere mahsus ýaşaýyş derejesini saklamagy başarsak, özümizi has bagtly duýarys.

Şeýle-de bolsa, alymlar adamyň baýlaşdygyça başgalaryň duýgularyna we meselelerine az üns berýändigini kesgitlediler. Kaliforniýa uniwersitetiniň psihologlary bolsa garyp adamlaryň duýgudaşlyk derejesiniň has ýokarydygyny anykladylar.

düýn 14:55
1.7k+

CORALFLY täze önümlerini hödürleýär: motor ýaglary we antifrizler

CORALFLY kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory eýýäm birnäçe ýyl bäri bazarymyzy ýokary hilli we amatly bahaly süzgüçler (filtrler) bilen üpjün edip gelýär. Bu süzgüçler hakykatdan hem halk......

22.06.2026 14:18
7.5k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.4k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......