Maryda 7 gatly, 188 öýli täze ýaşaýyş jaý toplumy açyldy

  • 24.08.2021 14:05
  • 17k+

23-nji awgustda Mary şäheriniň Magtymguly köçesinde gurlan ýedi gatly 188 öýli ýaşaýyş jaý toplumynyň dabaraly açylyşy boldy. Ony Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Ojar Aziýa” hususy kärhanasy gurdy.

Durmuş maksatly täze desga häzirki zaman talaplaryna doly laýyklykda bina edildi. Diýarymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň öňüsyrasynda ulanmaga berlen we Mary şäheriniň ýaşaýjylary üçin ajaýyp sowgat bolan ýaşaýyş jaý toplumy bäş bölekden ybaratdyr. Onuň birinji gatynda söwda ulgamynyň kärhanalary ýerleşýär.

Jaý toýlaryny toýlaýanlaryň öýlerinde oňaýly ýaşamak üçin ähli şertler döredilipdir. Ýaşaýyş amatlylygyny üpjün etmek üçin degişli düzümler, şol sanda çagalar üçin oýun meýdançalary, awtoulag duralgalary göz öňünde tutulypdyr. Toplumyň daş-töweregi abadanlaşdyrylyp, gülzarlyga öwrülipdir.

Ýeri gelende bellesek, Mary şäheriniň ýaşaýjylary üçin ajaýyp sowgat bolan ýaşaýyş jaý toplumynyň açylyşy Türkmenistanyň Prezidentiniň Mary welaýatyna amala aşyran nobatdaky iş saparynyň wakalary bilen utgaşdy. Türkmen Lideri iri şol gün «Galkynyş» gaz käninde täze guýularyň gurluşygyna badalga berdi hem-de welaýatyň «Türkmeniňak öýi» binasynda guralan dabaralara gatnaşdy.


düýn 17:01
4.5k+

Maryda uçurymlar üçin boş iş orunlarynyň ýarmarkasy geçiriler

8-nji maýda Mary welaýatynda uçurymlaryň işe ýerleşmegine ýardam bermäge gönükdirilen «Boş iş orunlarynyň we hünärmenleriň ýarmarkasy» geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň metbugat gullugy......

10.04.2026 23:55
10k+

Mary — Türkmenabat ýolunyň hili we howpsuzlygy ISO şahadatnamalary bilen tassyklanyldy

Şu gün Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedowa desganyň ýokary hilini we tehnologik taýdan......

09.04.2026 16:01
20k+

Ýolöten etrabyndaky täze şäherçe nähili bolar: taslamadan suratlar

Ozal habar berşimiz ýaly, 8-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginde 4 müň 500 hojalyga niýetlenen täze döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna......

09.04.2026 07:14
9.4k+

Türkmenistanyň Prezidenti Mary welaýatynda täze şäherçäniň gurluşygyna badalga berdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginiň çäginde 4500 hojalyga niýetlenen täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy. Bu barada......