LG 6G aragatnaşygy boýunça maglumat ibermekde rekord goýdy

  • 23.08.2021 18:05
  • 8.8k+

LG kompaniýasynyň barlagçylar topary Fraungofer Jemgyýetiniň hünärmenleri bilen bilelikde 6G aragatnaşyk torunyň üsti bilen 100 metr aralyga üstünlikli maglumat iberdiler. Bu barada ferra.ru habar berdi.

Hünärmenler 6G tehnologiýasynyň maglumat geçiriş tizligini 5G-den 50 esse çalt üpjün etmegine garaşýarlar. Şeýle hem ses habarnamalarynyň gijä galma wagty ep-esli gysgalar, bu bolsa ony hakykata has ýakyn eder. Mundan başga-da, täze aragatnaşyk standarty iberilen maglumatlaryň takyklygyny ýokarlandyrar.

Şeýle-de bolsa, gynansak-da, 6G-ni durmuşa geçirmekde häzirlikçe käbir kynçylyklar bar. Tehnologiýa maglumat geçiriş mahalynda kuwwatyny ýitirýändigi sebäpli hereket radiusynyň gysgalygyndan ejir çekýär. Şol sebäpli hem 6G-niň 2025-2029-njy ýyllardan bärde peýda bolmagyna garaşylmaýar.

Mundan bary-ýogy birnäçe aý öň Samsung topary täze 6G signal aralygynyň 15 metrlik rekordyny goýdy. LG-li barlagçylar bolsa 100 metr uzaklyga signal ibermegiň hötdesinden gelip, olaryň üstünligini täzelemegi başardylar.


20.06.2026 09:37
1.9k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......

19.06.2026 22:31
5.9k+

Gobi çölünde 45°C yssyda 17 sagat: Honor X80 Pro Max üýtgeşik synagdan geçirildi

Resmi premýeranyň öň ýanynda täze Honor X80 Pro Max smartfony çydamlylyk boýunça üýtgeşik synagdan geçirildi. Synaglary Gobi çölüniň töwereginde işleýän kosmos pudagynyň inženerleri geçirdi....

19.06.2026 18:36
956

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....

17.06.2026 11:15
2.7k+

Xiaomi «Madrid» diýen wagtlaýyn at bilen täze telefon çykarmaga taýýarlanýar

Xiaomi kompaniýasynyň «Madrid» diýen gizlin atly täze smartfony ilkinji gezek halkara ykjam enjamlaryň (GSMA IMEI) maglumatlar gorunda peýda boldy. Bu ýagdaý täze telefonuň tiz wagtda satuwa çykaryljakdygynyň......