Sentýabrda «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň döwlet tapgyry geçiriler

  • 21.08.2021 19:22
  • 4.6k+
Sentýabrda «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň döwlet tapgyry geçiriler

Höwesjeň aýdymçy çagalaryň arasynda her ýylda guralýan “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň döwlet tapgyry şu ýylyň sentýabr aýynda — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öň ýanynda geçiriler. Türkmenistanyň Bilim hem-de Medeniýet ministrlikleriniň guramagynda bu bäsleşigiň etrap, şäher we welaýat tapgyrlary geçirildi, şolaryň ýeňijileri döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. 

Bu özboluşly döredijilik bäsleşiginiň döwlet tapgyryny geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi. Türkmen Lideri çagalaryň döwlet derejesinde her ýyl geçirilýän “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň uly meşhurlyga eýedigini belläp, ýaş zehinleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň öň ýanynda geçiriljek gözden geçirilişiniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.


23.09.2023 11:08
29k+

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda iki sany täze oba açyldy

22-nji sentýabrda Gökdepe etrabynda täze, döwrebap obalaryň ikisi — Nurly zaman we Köpetdagyň ýalkymy obalary açyldy. Öň habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2023-nji ýylyň 21-nji sentýabryndaky kararyna...

23.09.2023 10:44
9.1k+

Arkadag şäherinde çagalar seýilgähiniň düýbi tutuldy

22-nji sentýabrda Arkadag şäherinde çagalar seýilgähiniň düýbüni tutmak dabarasy boldy. Dabara Arkadag şäheriniň häkimliginiň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, şäheriň medeniýet...

23.12.2021 18:07
9.9k+

Hususy pudakda iş alyp barýanlaryň 10-syna ýubileý medal berildi

Garaşsyz döwletimiziň we mähriban halkymyzyň öňünde bitiren hyzmatlaryny, köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we yhlasly zähmetini nazara alyp, şeýle hem Bitarap döwletimiziň beýik Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly...

11.12.2021 23:10
9.9k+

Türkmenistanyň käbir ýolbaşçylaryna we raýatlaryna döwlet sylaglary gowşuryldy

Berkarar döwletimiziň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny berkitmekde, ýurdumyzyň ykdysadyýetini we medeniýetini ösdürmekde bitiren uly hyzmatlaryny göz öňünde tutup, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30...