20-nji awgustda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaraly harby ýörişi hem-de baýramçylyk çärelerini geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri bilen bagly meselä hem seretdi.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow şanly sene mynasybetli dabaraly harby ýörişi hem-de baýramçylyk çärelerini guramaçylykly geçirmek boýunça ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan alnyp barylýan işler barada degişli hasabat bilen çykyş etdi.
Türkmen Lideri dabaraly harby ýörişiň Diýarymyzyň Ýaragly Güýçleriniň döwrebap tehnikalar bilen üpjünçiligini, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gazanan üstünlikleriniň, ýeten belent sepgitleriniň, ene topragymyzyň asudalygynyň, mähriban halkymyzyň döredijilikli, abadan durmuşynyň goragynda duran pederlerimiziň wesýetine wepaly merdana türkmen esgerleriniň ýokary ussatlygyny we tälimini aýdyň görkezmelidigini belledi.