Gurbanguly Berdimuhamedow türgenleri Türkmenistanyň ilkinji Olimpiýa medaly bilen gutlady

  • 21.08.2021 12:04
  • 20k+

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň halkara sport giňişligindäki abraýynyň ýokarlanýandygyna şaýatlyk edýän şanly waka — Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda türkmen sportunyň taryhyndaky ilkinji Olimpiýa medalynyň gazanylmagy mynasybetli Türkmenistanyň milli ýygyndysyna Gutlag hatyny iberdi. Onda agyr atletikaçy türgenimiz Polina Gurýewanyň ynamly ýeňşine ýokary baha berilýär.

Gutlag hatynda: «XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşan Türkmenistanyň milli ýygyndy topary ýurdumyza ajaýyp üstünlik bilen dolandy. Bu üstünlik, ilki bilen, ýurdumyzda ýaş Olimpiýaçylary taýýarlamakda ähli tagallalary etmäge, giň şertleri döretmäge gönükdirilen döwlet syýasatymyzyň netijesidir. Ildeşimiz Polina Gurýewanyň Ýaponiýada geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň medalyny gazanmagy türkmen sportunyň şöhratly taryhyny dabaralandyrdy. Rowaç menzilleriň bu hoş habary ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk toýunyň iň naýbaşy sowgatlarynyň biri boldy» diýip, türkmen Lideri Polina Gurýewanyň ynamly ýeňiş gazanyp, hormat münberine çykmagynyň we milli buýsanjymyz bolan Döwlet baýdagymyzy belende galdyrmagynyň berkarar Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň Ýer ýüzündäki mertebesiniň beýgelmegine, at-abraýynyň, şan-şöhratynyň has-da artmagyna getirendigini buýsanç bilen belleýär.

Türkmen Lideriniň nygtaýşy ýaly, biz geljekde hem ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýänidir sporty, Olimpiýa hereketini ösdüreris. Bu ugurda milli maksatnamalarydyr toplumlaýyn özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçireris... Goý, halkara sport giňişliginde Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň Döwlet baýdagy mundan beýläk-de belentde parlasyn!

TmCars.info-nyň ozal hem habar berşi ýaly, türkmenistanly 21 ýaşly türgen Polina Gurýewa Tokio Olimpiadasynda agyr atletika boýunça 59 kg agrama çenli ýaryşlarda kümüş medala mynasyp boldy. Polina Gurýewanyň görkezen umumy netijesi 217 kilograma deň boldy. 


03.04.2026 19:30
3.7k+

Türkmenistanyň futbol boýunça Ýokary ligasynyň täze möwsümine badalga berilýär

2026-njy ýylyň 4-nji aprelinde futbol boýunça Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň täze möwsümi resmi taýdan başlanýar. Nobatdaky çempionatda sekiz topar — «Arkadag», «Ahal», «Altyn Asyr», «Şagadam», «Nebitçi»,......

02.04.2026 14:36
11k+

FIFA ýygyndylaryň reýtingini täzeledi: Fransiýa indi birinji. Türkmenistan üçin näme üýtgedi?

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) milli ýygyndy toparlaryň reýtingini 2026-njy ýylda ikinji gezek täzeledi (birinji täzelenme ýanwar aýynda bolupdy). Täze sanaw guramanyň resmi sahypasynda ýerleşdirildi....

31.03.2026 20:07
13k+

Bangkokdaky ýeňliş Türkmenistany Aziýa Kubogyndan alyp galdy

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Aziýa Kubogy – 2027-niň saýlama tapgyrynyň kesgitleýji duşuşygynda Tailanddan 1:2 hasabynda utulyp, ýaryşyň final tapgyryna çykyp bilmedi. Duşuşyk 31-nji martda......

31.03.2026 16:37
2.3k+

«AŞGABAT» topary küşt boýunça Türkmenistanyň ilkinji toparlaýyn çempionatynda ýeňiji boldy

Türkmenistanyň sport taryhynda küşt boýunça ilkinji toparlaýyn çempionat Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen küşt-şaşka mekdebinde tamamlandy. Türkmenistanyň Küşt federasiýasy tarapyndan guralan bu bäsleşige......