Breýk-dans Pariž Olimpiadasyna goşular. Karate, softbol we beýsbol maksatnamadan aýryldy

  • 22.08.2021 17:32
  • 6.7k+

Pariždäki Olimpiýa oýunlarynyň guramaçylyk komiteti öz saýtynda 2024-nji ýyldaky Oýunlarda hödürlenjek sport görnüşleriniň sanawyny neşir etdi.

Olimpiýa maksatnamasynda karateni galdyrmak baradaky çagyryşlara garamazdan, guramaçylar we HOK karateniň Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyndan aýrylandygyny tassykladylar diýip, championat.com habar berýär.

Karateden başga-da, Pariždäki Oýunlaryň maksatnamasyna beýsbol bilen softbol hem girmedi, ýöne guramaçylar sportuň täze görnüşiniň – breýk-dansyň peýda boljakdygyny aýtdylar. 

Karate ilkinji gezek Tokiodaky Olimpiýa oýunlarynda hödürlendi. Sportuň bu görnüşinde 6 medal toplumy ugrunda bäsleşildi. Pariždäki Olimpiada 2024-nji ýylyň 26-njy iýulyndan 11-nji awgusty aralygynda geçirilmeli.


düýn 12:06
6.7k+

Futbol nebereleri: Zidanyň ogly DÇ-2026-da Alžiriň düzüminde oýnar, Ançelottiniň ogly bolsa «Lilliň» tälimçisi boldy

Alžiriň Futbol federasiýasy öňümizdäki dünýä birinjiligine gatnaşjak milli toparyň gutarnykly sanawyny mälim etdi. Bu sanawa Ispaniýanyň «Granada» klubunyň 28 ýaşly derwezeçisi, meşhur fransuz futbolçysy......

14.05.2026 10:38
3.3k+

«PSŽ» 14-nji we yzygider bäşinji gezek Fransiýanyň çempiony boldy

«PSŽ» möhletinden ir Fransiýanyň çempionatynyň ýeňijisi boldy....

13.05.2026 09:28
3.7k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......

18.04.2026 12:16
2.6k+

«Marsel» futbol kluby täze logotipini tanyşdyrdy

Fransiýanyň «Marsel» futbol kluby 2026/2027-nji ýyl möwsüminden başlap ulanyljak täze logotipini hödürledi....