Grenlandiýa buzlugynda ilkinji gezek ýagyş ýagdy

  • 22.08.2021 17:22
  • 9.6k+

14-nji awgustda Grenlandiýanyň iň beýik nokadynda (deňiz derejesinden, takmynan, 3,2 müň metr) gözegçiligiň tutuş taryhynyň dowamynda ilkinji gezek ýagyn gar däl-de, ýagyş görnüşinde ýagdy. Ýagşyň ýagmagy birnäçe sagat dowam etdi. Mundan öň bu geografik nokatda ýagşyň ýagandygy hiç haçan habar berilmändi diýip, CNN teleýaýlymyna salgylanyp, esquire.ru habar berýär.

Geçen dynç günleri adadaky howanyň temperaturasy soňky on ýylda üçünji gezek položitel boldy. Çabga sebäpli Grenlandiýanyň depesine ygal görnüşinde 7 mlrd tonna suw düşdi. ABŞ-nyň Milli gar we buz maglumatlary merkeziniň (NSIDC) maglumatlary boýunça, bu gözegçiligiň başlanan 1950-nji ýylyndan bäri buz gatlagynda iň güýçli ýagyş boldy. 

Çabga buzuň eremegine getirdi we 15-nji awgusta çenli erän buzuň möçberi ýylyň bu döwri üçin kadadan ýedi esse ýokary boldy. NSIDC-iň saýtynda bellenilişi ýaly, eýýäm 16-njy awgustda “eremä sezewar bolan meýdança ortaça görkezijä gaýdyp geldi”. Merkez bu ýer üçin adaty bolmadyk hadysanyň adanyň günortasyndan ýokary we pes basyşly zonalaryň özara täsiri wagtynda gelen ýyly howa akymy bilen ýüze çykandygyny düşündirýär.

2019-njy ýylda Grenlandiýa dünýä ummanyna, takmynan, 532 mlrd tonna buz çykardy. Ýyly ýaz we yssy iýul sebäpli, ähli buz diýen ýaly eredi, bu hem deňiz derejesini 1,5 millimetr ýokary galdyrdy.


29.05.2026 23:56
6.4k+

Hemişelik doňaklygyň eremegi Kanadanyň arassa derýalaryny howply kislota akymlaryna öwürdi

Hemişelik doňaklyklaryň eremeginiň çaltlaşmagy sebäpli Demirgazyk Kanadadaky derýalaryň ýokary akymlary diýseň zäherlendi we posly açyk-mämişi reňke boýaldy....

26.05.2026 09:58
10k+

Klimatologlar: 2100-nji ýyla çenli dünýä ummany birnäçe uly şäheri suwa gark eder

Singapuryň Nanýang tehnologik uniwersitetiniň ýolbaşçylygynda halkara alymlar toparynyň geçiren barlaglaryna görä, eger atmosferany hapalaýan parnik gazlarynyň mukdary şu ýokary depgindeligine galsa, 2100-nji......

23.05.2026 23:48
3.6k+

Global maýlamaklyk dünýäniň iň uly derýalarynda kislorodyň derejesini peseltdi

Hytaýyň klimatologlary soňky 40 ýylyň dowamynda Ýeriň iň uly derýalarynda ereýän kislorodyň konsentrasiýasynyň peselendigini habar berdiler. Barlagçylaryň çaklamalaryna görä, howanyň üýtgemegi häzirki......

17.05.2026 23:10
11k+

Hindistan we Pakistan görlüp-eşidilmedik aşa yssy howa şertleri bilen ýüzbe-ýüz boldy

Pakistanda we Hindistanda howanyň temperaturasy +46°C-ä çenli ýetýän we uzak wagtlap dowam edýän aşa yssylyk hasaba alynýar diýip, Zakon.kz neşiri ýazýar....